Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanlykda bahalar hasam ýokarlanýar


D. Mäneli: "Aşgabatda hem onuň töwreklerinde 15-nji oktýabrdan başlap, bazarlarda mallar gymmatlady".
D. Mäneli: "Aşgabatda hem onuň töwreklerinde 15-nji oktýabrdan başlap, bazarlarda mallar gymmatlady".
Bilşime görä, Türkiýe, Eýran, mahlasy yslam ýurtlarynda Remezan, Gurban baýramlarynda harytlaryň bahasy görnetin arzanladylýar. Yslam dininiň mukaddes bu iki baýramçylygynda musulman söwdagärler sogap diýen düşünjeden ugur alyp, alýan peýdalarynyň uly böleginden geçip, zatlaryny arzanladýarlar.

Ýurdumyzyň söwdagärleri we telekeçileri şol baýramçylyklara gabatlap, haryt getirmek üçin daşary ýurtlara gidýärler. Olar öňki alýan harytlaryny adatdakysyndan iň bolmanda 15–25 % arzan alyp, öňki satýan bahalaryndan azyndan 10-20% gymmat satýandyklaryny özara söhbetdeşlikde gizlejegem bolanoklar. Çünki Türkmenistanda baýramçylyklarda köp harytlaryň bahasy ýokarlanýar. Ýöne her ýylam Gurban baýramynda etiň bahasy duýarlykly gymmatlaýar.

Sygyr soýýan gassaplar Gurban baýramyna 10 gün galynça, uly mal et paýlanyşygygyna müşderilerinden zakaz alyp, ondan soň sygyr paýlanyşygyna adam ýazmandyrlar. Gurbanlyk ýakynlaşan döwründe adamlaryň mallaryny arzan bermeýändigi üçin, gassaplar hemişelik müşderilerinden beýleki adamlary adatdaky bahadan sygyr eti bilen üpjün edip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Has dogrusy, gassaplardan hemişelik sygyr etini alýan az sanly adamlar has öň paýlanyşyga ýazylyp, ýedi bolup, agzybirlikde bir uly maly soýduryp, etiň bir kilogramynyň bahasyny edil öňküleri ýaly Aşgabat hem onuň töwereklerinde 15-17 manatdan satyn aldylar.

Aşgabatda hem onuň töwreklerinde 15-nji oktýabrdan başlap, bazarlarda mallar gymmatlady. Mysal üçin, 25-nji oktýabrda Aşgabadyň, Abadanyň mal bazarynda 15-18 kg çykjak toklularyň bahasy 280 -350 manat aralygyndady. Olaryň öňki adaty bahasy bolsa 225-280 manatdan gymmat däldi. Bazarda 150 kg çykjak bakylan öküzçeler, göleler 2800-3000 manatdan, 200 kg agramdaky bakylan sygyrlar bolsa 3600 manatdan arzan däl eken. Edil häzir Aşgabat hem onuň töwereklerinde gurbanlyk üçin goýun-sygyr malyny satyn aljak bolsaň 1 kilogramy 18 manatdan arzan düşenok. Adaty döwürlerde bolsa 1 kg goýun etiniň bahasy 14 -16, sygyr etiniň bahasy bolsa 15-17 manat baha durýar.

Umuman aýdylanda, Gurban baýramynyň gelmegi bilen etiň bahasy 20%-e golaý gymmatlady.

Ýola çykjak bolsaň...

Bu goşa baýramda ýol kireýleriniň bahasy hem görnetin ýokarlandy. Aşgabat hem onuň töwereklerine işlemäge gelen işçi gurluşykçylara 25-nji oktýabr öýländen soň dört günlük rugsat berildi. Şonuň üçin häzir Gurban baýramyny öýlerinde geçirmek üçin, işlemäge gelen işgärler öýlerine gaýtmak üçin ýola çykdylar. Wokzalda 30-njy okýabrdan bärde hiç tarapa bilediň ýokdugy aýdylýar.

Adaty döwürlerde Tejene taksili gitmegiň bahasy bir adam üçin 13-15 manat, Mara 30 manat bolan bolsa, häzir Tejene 25–30 manat, Mara bolsa 50-60 manat. Aşgabatdan islendik tarapa taksili gitjek bolsaň, ýol kireýleriniň bahasy adatdakysyndan 70-80% ýokarlandy. Ýöne şäher içindäki taksileriň bahasy adatdakylaryndan beýle bir tapawutly däl.

Gurbanlygyň üçünji güni öýländen soň azyk harytlarynyňam, ýol kireýleriniňem kadalaşyp, öňki nyrhyna gelýändigini alyjylaram, satyjylaram, sürüjilerem biragyzdan tassyklaýarlar. Şondan soň nyrh gymmatlaşygyndaky başagaýlygam ýok.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG