Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Oppozisiýa lideri Udalsowa resmi aýyplama bildirildi


Anna güni Orsýetiň belli oppozisiýa lideri Sergeý Udalsow nobatdaky gezek soraga çagyrylyp, oňa köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmekligi planlaşdyranlykda resmi aýyplama bildirildi.

Orsýetiň Jenaýat-derňew komitetiniň metbugat sekretary Wladimir Markin bu sorag edişlikde Sergeý Udalsowyň özüne bildirilen aýyplamalary ret edendigini mälim etdi.

Wladimir Markiniň aýtmagyna görä, Sergeý Udalsow heniz tussag astyna alynmandyr, ýöne oňa Moskwanyň territoriýasyndan çykmaklyk gadagan edilipdir.

Ýakynda Orsýetiň hukuk goraýjy organlary şular ýaly aýyplamalar esasynda oppozision aktiwistler Konstantin Lebedew bilen Leonid Razwozjaýewi tussag etdiler.
XS
SM
MD
LG