Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilaty Gurban baýramyny belläp geçýär


Anna güni köpsanly beýleki musulman ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda-da resmi ýagdaýda Gurban baýramy bellenilip başlandy.

Prezidentiň permany bilen, musulmanlaryň bu dini baýramçylygy Türkmenistanda üç günüň dowamynda, ýagny 26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda bellenilip geçiler.

Anna güni prezident G.Berdimuhamedow bu waka bilen baglanyşykly ýurduň ilatyna gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi. Ýüzlenmede ol Gurban baýramynyň ähliumumy ruhy gymmatlyklary, ýokary moral-etiki prinsipleri, gumanizmi hem-de ahlak arassalygyny ündeýän baýramçylykdygyny belläpdir.

Gurban baýramy mynasybetli ýurduň dürli künjeklerindäki metjitlerde we medeni merkezlerde ýörite gurbanlyk çäreleriniň-de geçirilýändigi habar berilýär.

Adat bolşy ýaly, Gurban baýramyny hiňňildik uçup garşy almak ýaly däpler-de türkmenleriň arasynda gadymy däplerden biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG