Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina parlament saýlawlaryny geçirýär


Boks çempiony we "Udar" partiýasynyň lideri Witaliý Kliçko özüniň tarapdarlary bilen. 25-nji oktýabr, 2012 ý.
Boks çempiony we "Udar" partiýasynyň lideri Witaliý Kliçko özüniň tarapdarlary bilen. 25-nji oktýabr, 2012 ý.
Prezident Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň syýasatyndaky agalygyny saklamagy başaryp bilermi? Oppozisiýa ”Mämişi rewolýusiýanyň” baştutanlarynyň biri, häzir türme tussaglygyndaky Ýuliýa Timoşenkonyň ykbalyna neneňsi çemeleşer? Şeýle-de boks çempiony Witaliý Kliçko ýurduň syýasatyna näderejede täsir edip biler?

Bu soraglar ýekşenbe güni, ýagny 28-nji oktýabrda ýurduň täze parlamentini saýlamak üçin ses bermäge barýan ukrainlylaryň kellesinden geçýän ençeme sowallaryň diňe käbirleri. Bu 2010-njy ýylda ýurduň başyna Wiktor Ýanukowiç geçenden soň amala aşyrylýan ilkinji umumymilli saýlawlar bolar.

Ýanukowiçiň tankytçylary ony 2004-nji ýyldaky ”Mämişi rewolýusiýanyň” netijesinde gazanylan demokratik reformalary depelemekde, özüniň syýasy garşydaşlaryny yzarlamakda, şeýle-de ýurdy Putiniň baştutanlygyndaky Orsýet ýaly awtoritar bir döwlete öwürmekde aýyplaýarlar.

Ekspertleriň pikiriçe, eger-de Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasy” Werhownaýa Rada geçirilýän saýlawlaryň netijesinde sesleriň aglabasyny almagy başarsa, onda Ýanukowiç mundan beýläk hem özüniň syýasy hökmürowanlygyny dowam etdirer. Syýasy analitik, “AMC” mashalat beriji toparyň ýolbaşçysy Witaliý Bala şeýle düşündirýär: “Bu Ukraina üçin juda wajyp bir saýlawlar. Biz Orsýetdäki bolýan zatlary gaýtalamagyň bosagasynda durus. Hökümet diňe bir wertikal häkimiýeti ornaşdyrman, eýsem muny berkidýär”.

Ýanukowiç häkimiýete geçenden soň, onuň syýasy garşydaşlary, şol sanda Ýuliýa Timoşenko hem türmä basyldy. Tankytçylar bularyň syýasy matlapdan amala aşyrylandygyny öňe sürýärler. Adam hukuklary boýunça guramalar Ýanukowiç döwründe parahorlugyň artandygyny we söz azatlygynyň kemelendigini belleýärler. Şeýle-de “maşgala” diýlip resmi bolmadyk at bilen häsiýetlendirilýän Ýanukowiçiň ýaranlarynyň köp halatlarda ýurtda aýratyn hukuklardan peýdalanýandyklary hem habar berilýär.

"Birleşen Oppozisiýa" we "Udar"

Ýanukowiçiň häkimiýet başyndaky agalygyna häzir esasan iki sany syýasy güýç garşylyk görkezmäge çalyşýar. Olaryň biri ýurduň ozalky daşary işler ministri Arseniý Ýatsenýugyň ýolbaşçylygyndaky “Birleşen oppozisiýa” hereketi, beýlekisi bolsa boks boýunça çempion Kliçkonyň liderligindäki “Udar” (”Urgy”) partiýasydyr.

Käbir irki ses berilşikleriň netijelerine görä, “Regionlar partiýasy” sesleriň 23%-ni alyp, öňde barýar. Kliçkonyň “Udar” partiýasy 16% bilen ikinji orunda, “Birleşen Oppozisiýa” partiýasynda bolsa sesleriň 15%-i bar.

Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasy” esasan Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda uly goldawa eýe bolsa, “Birleşen oppozisiýa” partiýasyny ýurduň günbatar sebitinde has köp goldaýarlar.

Kliçkonyň täze esaslandyran “Udar” partiýasy hem ýurduň köp künjeklerinde uly goldawa eýe bolup, onuň saýlawlarda ýeňiş gazanyp biljekdigi hem aýdylýar. Geçirilen pikir soralyşyga görä, Ukrainanyň ilatynyň arasynda Kliçko iň ynanylýan syýasatçylaryň biri bolup, onuň meşhurlygy gitdigiçe ýokarlanýar.
XS
SM
MD
LG