Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” Nurmuhammedow barada alada bildirýär


Türkmenistanyň öňki medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedow. Dekabr, 2011.

Türkmenistanyň öňki medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedow. Dekabr, 2011.

Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Türkmenistanyň öňki medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedowyň tussag edilip, neşekeşleriň bejerilýän merkezine mejbury ugradylmagy bilen bagly alada bidirip, ýörite gyssagly çäre çagyryşyny ýaýratdy.

Bu çagyryşda “Amnesty International” guramasy Geldimyrat Nurmuhammedowyň Türkmenistandaky bu merkezde bejeriş çärelerine mejbur edilýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Şeýle hem, bu gurama Nurmuhammedowyň şular ýaly tussag astyna alynmagynyň oňa Türkmenistanyň häkimiýetleri barada aýdan tankydy garaýyşlary üçin berilýän jeza çäresi bolmagy mümkin diýip, bu barada alada bildirýändigini mälim edipdir.

“Amnesty International” guramasy öz gyssagly çäre çagyryşynda 1952-nji ýylda doglan G.Nurmuhammedowyň şu ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabatda tussag edilip, ýurduň Daşoguz welaýatyndaky neşekeşlikden bejeriji ýörite bir merkeze azyndan alty aýlyk möhletleýin bejeriş çäresi üçin ýollanandygyny ýazýar.

“Amnesty International” öz geçiren barlaglarynyň netijesinde Geldimyrat Nurmuhammedowyň geçmişde neşe ulanandygyny görkezýän hiç bir hili subutnama tapmandygyny aýdýar.

Bu guramanyň aýtmagyna görä, G.Nurmuhammedowyň öz syýasy garaýyşlary we Türkmenistanyň hökümetini tankytlandygy üçin nyşana alnan bolmagy mümkin.

“Amnesty International” guramasy öz çagyryşynda Nurmuhammedowyň 2011-nji ýylyň dekabrynda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanda demokratiýa we ynsan hukuklaryna ýol berilmeýändigi üçin Türkmenistanyň hökümetini tankytlandygyny hem-de ýurduň dolandyryjy Demokratik partiýasyny “bikanun gurama” diýip atlandyrandygyny ýatlaýar.

Şeýle hem, bu gurama G.Nurmuhammedowyň bu interwýusyndan birnäçe gün soň onuň dogan-garyndaşlaryna degişli gurluşyk kompaniýasynyň häkimiýetler tarapyndan ýapylandygyny belleýär.

Guramanyň ýazmagyna görä, bu gurluşyk kompaniýasyna salgyt bilen baglanyşykly aýyplama bildirilendigine garamazdan, Nurmuhammedowyň Azatlyk Radiosyna interwýu bermezinden öň häkimiýetler bu kompaniýa salgyt ýa-da maliýe meseleleri bilen baglanyşykly hiç hili talap bildirmändirler.

Geldimyrat Nurmuhammedow 1992-1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri bolup işläpdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG