Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmardaky etniki çaknyşyklarda 100-den gowrak adam öldi


Soňky birnäçe günüň dowamynda Mýanmarda etnki we dini matlaplara esaslanýan çaknyşyklarda 100-den gowrak adamyň ölendigi habar berilýär.

Mýanmaryň günbatar regionyndaky Rakhine ştatynyň hökümet administrasiýasynyň metbugat sekretary ýerli buddistler bilen musulmanlaryň arasynda bolan bu çaknyşyklarda azyndan 112 adamyň ölendigini tassyklady.

Maglumata görä, bu çaknyşyklaryň barşynda azyndan 2 müň töweregi öý ýakylypdyr.

Şu ýylyň iýunynda bu regionda ýerli buddist we musulman obşinalarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda-da onlarça adam ölüp, on müňlerçe adam ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdy.

Olaryň aglabasynyň “rohingýa musulmanlary” diýlip atlandyrylýan etniki azlyklaryň wekilleridigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG