Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama irki geçirilýän ses berişlikde öz sesini berdi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz dogduk şäheri Çikagoda prezidentlik saýlawlary üçin irki geçirilýän ses berişlikde öz sesini berdi. Munuň özi ABŞ-nyň resmi prezidentiniň ilkinji gezek irki ses berişlikde ses bermesi hökmünde alamatlandy.

Birleşen Ştatlarda prezidentlik saýlawlarynyň resmi ýagdaýda geçiriljek güni 6-njy noýabra bellenen. Ýöne ABŞ-nyň kanuny ýurduň raýatlaryna irki ses berişliklerde-de ses bermeklige hukuk berýär.

Saýlawlaryň resmi geçiriljek gününe ýene 10 gün galandygyna garamazdan, ýurduň 7 milliondan gowrak ilatynyň eýýäm öz seslerini berendikleri aýdylýar.

Maglumata görä, olaryň hatarynda prezident Obamanyň aýaly Mişel Obama-da bar. Soňky pikir soraýyşlyklar geljekki prezidentlige kandidatlar Barak Obama bilen Mitt Romnini goldaýjylaryň sanynyň örän ýakyndygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG