Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň Saharow baýragy iki sany eýranly raýata gowşuryldy


Anna güni Ýewropa Parlamenti pikir azatlygy boýunça şu ýylyň Saharow adyndaky baýragyna eýranly Nasrin Sotoudeh bilen Jafar Panahiniň mynasyp bolandygyny yglan etdi. Munuň özi Ýewropa Parlamentiniň bu baýragyna mynasyp bolan ilkinji eýranly raýatlardyr.

Eýranly oppozision aktiwistleriň we ölüm jezasyna höküm edilen tussaglaryň hukuklaryny gorap çykyş edip gelen ýurist zenan Nasrin Sotoudeh geçen ýyl Eýranyň milli howpsuzlyk baradaky kanunlaryny bozanlykda aýyplanyp, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Baýraga mynasyp bolan kino režissýory Jafar Panahi hem edil şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda 2010-njy ýylda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Saharow adyndaky baýrak ynsan hukuklaryny hem-de pikir azatlygyny goraýjy şahsyýetlere we guramalara berilýär.
XS
SM
MD
LG