Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary gödek oýnamakda aýyplanýar


Futbol pökgüsi
Futbol pökgüsi
Çarşenbe güni, 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň we Wýetnamyň futbol komandalarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Bu duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen komandasynyň peýdasyna tamamlandy. Wladimir Baýramowyň oýnuň 57-nji minudynda gol geçirmegi türkmen komandasynyň ýeňşini üpjün etdi.

”Wýetnam-Nýus” habar gullugynyň maglumatlaryna göra, Wýetnamyň komandasynyň tälimçisi Phan Thanh türkmen komandasynyň agressiw oýun stili zerarly Wýetnam komandasynyň oýunçylarynyň oýun meýdanynda özara aragatnaşyk gurup bilmänligini, şeýlelik-de Wýetnam komandasynyň ýeňlendigini aýdypdyr.

Eýsem, futbolda agressiw oýun diýmek näme, şeýle hem türkmen janköýerleri we professionallary Türkmenistanyň kommandasyna berlen bu häsiýetnama nähili garaýarlar? Bu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy käbir türkmenistanlylar bilen söhbetdeş boldy.

"Oýun düzgüne görä boldy"

Özüni Baýram diýip tanadan 27 ýaşly futbol janköýeri türkmen we wýetnam komandalarynyň arasyndaky ýaryşlara tomaşa edipdir. Ol türkmen komandasynyň bu ýaryşda eden çykyşlaryna şeýle baha berdi: “Meniň pikirimçe, türkmen komandasy düzgüne laýyk oýnady.

Adat boýunça, Aziýa ýurtlarynda futbol oýunçylary bir-birine degmän oýnaýarlar. Mysal üçin, Ýewropa ýurtlarynda, mälim bolşy ýaly, ähli belli futbol ligalarynda oýunçylar biri-birine degip, ýagny kontakt gurup oýnaýarlar. Futbol kontakt edilýän oýun”.

"Agressiw oýnadylar"

Häzirki wagtda Gyrgyzystandaky göreşijilere tälim berýän Azat Baýramyň aýdanlaryna garşy türkmen komandalarynyň kähalatlarda, hakykatdanam, agressiw oýnaýandyklaryny aýdyp, ol şaýat bolan wakalaryndan mysal getirdi.

“Meniň pikirimçe, futbolçylaryň beýle ýagdaýa örän öwrenişen bolmaklary mümkin. Sebäbi stadionlara oýunlara tomaşa etmäge gidenimizde sudýalar köp ýagdaýlarda biziňkileriň jerimelerini görmezlige salýardylar. Olar göz-görtele ýalňyşlyklar bolsa-da, hiç zat etmediler.

Oýunçylar muňa öwrenişen bolsalar gerek. Mysal üçin, 2002-nji ýa-da 2003-nji ýylda Türkmenbaşynyň kubogy üçin ýaryşyň finalynda ”Dnepr” komandasy bilen oýunda türkmenler utulyp barýardylar. Onsoň çyrany öçürdiler. Ondan öňem birnäçe gezek türkmenleriň ullakan ýalňyşlyklaryny hasap etmediler “ diýip, Azat aýtdy.

"Agressiwlik" näme?

Mundan başga-da türkmenistanly tälimçi Azat, futbolda agressiw oýnamaklyk näme diýen soraga, ýykmak, çekmek, badak atmak, we kakmak diýip jogap berdi. Azadyň pikiriçe, türkmen komandalary, Orsýet ýaly ýurtlaryň komandalary bilen deňeşdirilende hem gaty agressiw oýnaýarlar.

Ol onuň sebäplerini şeýle diýip düşündirdi: “Esasy sebäbi Türkmenistanda geçýän oýunlarda türkmenler eden-etdilikli oýnadýarlar. Sebäbi eminlik edýän sudýalaram öz ýerlerini bilmeli, meniň pikirimçe ”.

Göreş boýunça öňki trener we häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan Ali Agaýew futbolda ýüze çykýan aggressiýanyň sebäplerini we olaryň nädip öňüni alyp boljakdygy barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Topy alyp bilmedik ýa-da öňünde ullakan bir böwet bolan wagty oýunçynyň nerwisi oýnaýar. Şonuň üçin türgenleşige başlamazdan ozal trener, [sportsmenlere] sylaşyk, sportda hemişe agzybirlik we özara düşünişmek [ zerur diýip düşündirmeli] ”.

Agaýewden tapawutlylykda futbol janköýeri Baýram bolsa sportuň esasanam türkmen futbolynyň has çekeleşikli geçirilýändigini aýdyp, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu ýagdaýa oňyn baha berdi: “Soňky döwürlerde Türkmenistanda futboly has çekeleşikli oýnap başladylar, meniň pikirimçe, bu biziň ýurdumyzyň bähbidi üçin gowy, türkmen komandalarynyň üstünlikleri göz-görtele görnüp dur”.
XS
SM
MD
LG