Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti birnäçe adama ýokary sylaglary gowşurdy


Şenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Türkmen döwletiniň öňünde aýratyn hyzmat bitiren käbir şahsyýetlere sylaglary-da gowşurdy.

Hususan-da, bu maslahatda Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa boýunça institutynyň maslahatçysy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi “Türkmeniň Altyn asyry” atly konkursyň ýeňijisi diýlip yglan edilip, oňa 10 müň dollar möçberinde pul sylagy gowşuryldy.

Şeýle hem, oňa “Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hormatly akademigi” diýen at dakyldy. Wiktor Iwanowiç Sarianidi 1970-nji ýyllaryň başlaryndan bäri Türkmenistanyň käbir möhüm taryhy nokatlarynda, şol sanda gadymy Goňurdepede hem arheologiki gazuw-agtaryş işlerini alyp barýar.

Hökümet maslahatynda prezidentiň permany bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, akademik Ata Jykyýewi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” atly orden bilen sylaglamak hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly konkursyň ýeňijisi hökmünde oňa 5 müň dollar möçberinde pul sylagyny bermek karar edildi.

Şeýle hem, şenbe günki baýramçylyk maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bägül Nurmyradowa “ýurduň medeniýetini ösdürmekde bitiren hyzmatlary” üçin Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeniniň 2-nji derejesi bilen sylaglanyldy.
XS
SM
MD
LG