Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni giň gerimde bellenilip geçilýär


Şenbe güni, 27-nji oktýabrda Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlyk güni bellenilip geçilýär. Garaşsyzlygyň 21 ýyllygyna gabatlanyp ýurduň ähli regionlarynda giň gerimde baýramçylyk çäreleri ýola goýuldy.

Bu çärelerden iň bir uly gerimlisi paýtagt Aşgabatda gurnalan harby parad boldy. Onda ýurduň müňlerçe esgeri baýramçylyk tribinasynyň öňünden nyzam bilen ýöräp geçdiler. Tribunadan bu parada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňbaşçylygynda ýokary derejeli hökümet resmileri syn etdiler.

Bu wakanyň öňýany, anna güni ýörite Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanyp hökümet maslahaty-da geçirildi. Şenbe güni giçlik bolsa, Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanylyp ýörite baýramçylyk konserti gurnaldy.

Bu konserte Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet resmileri we pudak ýolbaşçylary bilen birlikde, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, ylym we döredijilik kollektiwleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt diplomatik edaralarynyň resmileri-de gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG