Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gurban baýramynyň ikilenji güni hüjümler güýçlendi


Siriýaly aktiwistler musulmanlaryň Gurban baýramynyň dowamynda hüjümleriň bes ediljekdigi barada edilen beýanatlara garamazdan, şenbe güni täze çaknyşyklaryň ýüz berendigini mälim etdiler.

Aktiwistleriň maglumatyna görä, Gurban baýramynyň ikilenji güni Damask prowinsiýasynda, Aleppo, Daraa we Deýr Ezzor şäherlerinde hökümet güýçleri bilen oppozision söweşijileriň arasynda birnäçe çaknyşyk ýüz beripdir.

Siriýa boýunça iş alyp barýan we düýbi Londonda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy gurama bu barada ýaýradan beýanatynda “Taraplardan hiç birem hüjümleri togtadyp bilmejege meňzeýär. Hüjüm etmezlik baradaky ylalaşyk hem başa barmajak ýaly görünýär” diýip belläpdir.
XS
SM
MD
LG