Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň polisiýasy oppozisiýanyň üç liderini tussag etdi


Şenbe güni Orsýetiň polisiýasy Moskwanyň merkezinde rugsatsyz gurnalan demonstrasiýa wagtynda oppozisiýanyň üç sany liderini tussag etdi.

Ýerli žurnalistler bu wakada oppozisiýa liderleri Alekseý Nawalnynyň, Ilýa Ýaşiniň we Sergeý Udalsowyň tussag edilendiklerini habar berdiler.

Bu demonstrasiýa tussaglykdaky käbir oppozision aktiwistleri goldamak maksady bilen gurnaldy.

Oppozisiýanyň liderleriniň polisiýa tarapyndan alnyp gidilendigine garamazdan, demonstrasiýa gatnaşyjylaryň bir topary dargaman, Moskwanyň Pokrowka köçesinden ýöräp geçdiler.
XS
SM
MD
LG