Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň ministri Orsýeti “okkupant yurt” diýip atlandyrdy


Anna güni Gürjüstanyň täze bellenen daşary işler ministri Maýa Panjikidze žurnalistlere beren interwýusynda bu ýurduň Günorta Osetiýa we Abhaziýa separatistik regionlary bilen bagly meseläni-de gozgady.

Ol: “Gürjüstanyň territoriýasynyň 20 prosenti Orsýet tarapyndan okkupirlenen, we Orsýet Gürjüstany okkupirleýän ýurt bolup durýar. Ol Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň paýtagtlarynda ilçihanalaryny-da açdy” diýip belledi.

Soňra-da ol: “Meniň bu aýdanlarym fakt bolmagyny dowam etdirýärkä, Orsýet bilen diplomatik gatnaşyklar gaýtadan ýola goýlup bilinmez” diýip nygtady.

2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda ýüz beren gysga wagtlyk harby konfliktden soň, Orsýet Gürjüstanyň Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlaryny garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG