Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Garaşsyzlyk gününiň Lebapdaky şowhuny


27-nji oktýabrda irden Türkmenabat şäheriniň käbir köçeleri baýramçylyk çäresine gatnaşýan okuwçylardan doldy. Türkmenabat, 27-njy oktýabr.

27-nji oktýabrda irden Türkmenabat şäheriniň käbir köçeleri baýramçylyk çäresine gatnaşýan okuwçylardan doldy. Türkmenabat, 27-njy oktýabr.

Şenbe güni Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi ýurduň dürli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ýurduň her bil welaýat merkezinde baýramçylyk çäreleri özboluşly görnüşlerde gurnalýar.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda-da baýramçylygyň gurnalyşy özboluşly boldy.

27-nji oktýabrda irden Türkmenabat şäheriniň käbir köçeleri Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň öňünde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çäresine gatnaşýan okuwçylardan doldy.

Lebabyň käbir etraplarynda baýramçylyk günlerinde-de pagta ýygyp ýören daýhanlara duşmak bolýar. Lebap, 27-njy oktýabr.

Lebabyň käbir etraplarynda baýramçylyk günlerinde-de pagta ýygyp ýören daýhanlara duşmak bolýar. Lebap, 27-njy oktýabr.

Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň köp ýerinden aýdym-sazyň sesi ýaňlanýar. Çärelerde ýaňlanýan aýdymlar iki baýram, ýagny gurban we garaşsyzlyk baýramlary bilen gutlamak äheňde ýaňlanýar.

Ýöne welaýatyň käbir beýleki etraplarynda goşa baýramçylyk gününde-de pagta meýdanlarynda zähmet çekip ýören daýhanlara we oba adamlaryna-da duşmak bolýar.

Bayramcylyk mynasybetli Türkmenabat şäheriniň seýil baglaryna, esasanam, şäheriň Dostluk seýil bagyna barýanlaram görmek mümkin. Günortan sagat 12 töweregi seýil bag eýýäm adamlardan doldy.

Çaglary bilen baran ene-atalar, agtyklary bilen baran baba-mamalar seýil bagynda hiňňildiklerde uçup, ýadygärlik suratlara düşüp, wagtlaryny hoş geçirýärdiler. Dostluk seýil bagynyň içinde bolsa hususyýetçiler çişlik, somsa ýaly tagamlary bişirip satýardylar.

Biziň bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar giçlik Türkmenabadyň sport toplumynda uly baýramçylyk konsertiniň boljakdygyny, konsertiň dowamynda salýutlaryň atyljakdygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG