Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärsary baba kim bolupdyr?


Aşgabatda türkmenleriň taryhy gahrymanlarynyň hormatyna gurlan ýadygärlikler toplumy. Aşgabat, 2011.
Aşgabatda türkmenleriň taryhy gahrymanlarynyň hormatyna gurlan ýadygärlikler toplumy. Aşgabat, 2011.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy öz many-mazmuny boýunça örän uly hem gadyrly bolup, onuň bir çeti taryhyň köklerine ulaşyp gidýär.

Aslynda bu sene, ýagny 27-28-nji oktýabr günleri hem taryhy wakadan gelip çykýar. 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda SSSR Merkezi Isloplnitel Komitetiniň (MIK-niň) 2-nji sessiýasynda Türkmenistan SSR-ni döretmek barada karar kabul edilipdi.

Şol karara laýyklykda, haýal etmezden häzirki Türkmenistan döwletini berkarar etmek ugrundaky işler başlanypdy.

Eger uzak geçmişe göz aýlansa, onda Türkmen döwletini döretmek ugrunda gadymy geçmişlerde köp merdan gerçekleriň-de göreşendiklerine göz ýetirmek bolýar. Ol şahslar dagynyk taýpalary birleşdirmekde, milleti hatly-sowatly etmekde köp işler bitiripdirler.

Bitewüligi emele getirýän milli psihologiýanyň döremeginde, umumy milli diliň ösmeginde, medeniýetiň kämilleşmeginde olaryň aýratyn hyzmaty bolupdyr.

Bu gezekki medeni gepleşikde ýazyjy Hudaýberdi Hally belli taryhy şahs we türkmenleriň nesilbaşylaryndan biri hasaplanylýan Ärsary babanyň türkmen halkynyň taryhy geçmişinde oýnan roly hem bitiren hyzmatlary barada Orsýetiň Elista şäherinde ýaşaýan türkmen dramaturgy Jora Hudaýberdiýew bilen gürrüňdeş bolduk.

Şu temada ýörite gepleşigi diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG