Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky çaknyşyklar täzeden güýçlendi


Damaskyň etegindäki soňky partlamardan biriniň netijesi. Damask, 26-njy oktýabr, 2012.

Damaskyň etegindäki soňky partlamardan biriniň netijesi. Damask, 26-njy oktýabr, 2012.

Siriýaly aktiwistler musulmanlaryň Gurban baýramynyň dowamynda hüjümleriň bes ediljekdigi barada edilen ikitaraplaýyn beýanatlara garamazdan, şenbe güni täze çaknyşyklaryň ýüz berendigini mälim etdiler.

Aktiwistleriň maglumatyna görä, Gurban baýramynyň ikilenji güni Damask prowinsiýasynda, şeýle hem Aleppo, Daraa we Deýr Ezzor şäherlerinde hökümet güýçleri bilen oppozision söweşijileriň arasynda birnäçe çaknyşyk ýüz beripdir.

Ýerli aktiwistler paýtagt Damaskyň eteginde geçirilen howa hüjüminde azyndan 8 adamyň ölendigini mälim etdiler. Munuň özi Gurban baýramynyň öňýany özara hüjüm etmezlik barada gelnen ylaşykdan soň ilkinji howa hüjümi boldy.

Şenbe güni internetde ýerleşdirilen professional bolmadyk bir wideo ýazgyda weýran bolan jaýlaryň harabalyklary görkezilýär we onuň howa arkaly geçirilen hüjümiň netijesidigi aýdylýar.

Gapma-garşylykly maglumatlar

Siriýanyň gündogar regionyndaky Deýr Ezzor şäherinde ýerli aktiwistler bir restoranyň golaýynda maşyna ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde bäş adamyň ölendigini habar berdiler.

Ýurduň döwlet telewideniýesi bu partlamanyň “terrorçylar” tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi we bu wakada ýerli hristian kelisesiniň daşky diwarlaryna zyýan ýetendigini aýtdy.

Siriýa boýunça iş alyp barýan we düýbi Londonda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň başlygy bu barada eden beýanatynda “Taraplardan hiç birem hüjümleri togtadyp bilmejege meňzeýär. Hüjüm etmezlik baradaky ylalaşyk hem başa barmajyk ýaly görünýär” diýip belledi.

Mundan daşary, bu gurama hatda Gurban baýramynyň ilkinji güni, ýagny hüjümleri bes etmek barada ylalaşyga gelinmeginiň yzy bilenem şol gün howa we artilleriýa ýaraglary arkaly amala aşyrylan hüjümlerde jemi 150-den gowrak adamyň ölendigini tassyklaýar.

Bu guramanyň maglumatyna görä, anna güni Aleppo şäherinde kürt ilatynyň gür ýaşaýan kwartalynda ýaragly söweşijiler ýerli kürt meýletinçileri bilen çaknyşypdyrlar we şonda azyndan 30 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralanypdyr.

Kürtler Siriýanyň iň köp sanly etniki toparydyr. Olar bu ýurduň ilatynyň azyndan 10 prosentini düzýär diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG