Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky dürli hüjümlerde jemi 40 töweregi adam öldi


Soňky iki günüň dowamynda Yragyň dürli ýerlerinde amala aşyrylan partlamalarda jemi 40 töweregi adam öldi. Bu partlamalardan iň uly ýitgilisi şenbe güni giçlik Yragyň paýtagty Bagdadyň Sadr Siti kwartalynda amala aşyryldy.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, ýerli bazaryň golaýynda içine bomba ýerleşdirilen bir ýeňil maşynyň partladylmagy netijesinde 12 adam ölüp, 27 adam ýaralanypdyr.

Şol wakadan birneme soňra Bagdadyň şol kwartalyndaky awtobus duralgasynda amala aşyrylan başga bir partlamada bolsa 10 adamyň ölüp, 31 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Yragyň polisiýasy şenbe güni irden Bagdadyň gündogaryndaky Bawiýa raýonynda amala aşyrylan partlamada-da 8 adamyň ölendigini, şolardan 4-siniň çagalardygyny habar berdi. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG