Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Tussag edilen üç sany oppozisiýa lideri boşadyldy


Orsýetiň häkimiýetleri rugsatsyz demonstrasiýa gurnamakda aýyplanyp şenbe güni tussag edilen üç sany oppozisiýa liderini tussaglykdan boşatdylar.

Oppozisiýa liderleri Alekseý Nawalnyý, Ilýa Ýaşin we Sergeý Udalsow şenbe güni tussaglykdaky käbir oppozision aktiwistleri goldamak maksady bilen gurnalan demonstrasiýa wagtynda tussag astyna alnypdylar.

Korrupsiýa garşy blog ýazmakda giňden tanalýan Alekseý Nawalnyý özlerine bildirilýän aýyplamalar boýunça 30-nji oktýabrda özleriniň Moskwanyň suduna barmalydyklaryny mälim etdi.

Oppozision çepçiler frontunyň lideri Sergeý Udalsow hukuk goraýjy organlaryň özüne 30 müň rubl jerime salynmagynyň mümkindigi barada eýýäm duýduryş berendiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG