Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada katolik kelisesine edilen hüjümde 3 adam öldi


Ýekşenbe güni Nigeriýanyň demirgazygyndaky Kaduna şäherinde janyndan geçen bir hüjümçiniň katolik kelisesiniň ýanynda maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde üç adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Nigeriýanyň ýerli polisiýasy bu wakada hüjümçiniň kelisäniň içine maşynyny süsdürdip girmäge synanyşandygyny, emma onuň maşynynyň germewden geçip bilmändigini mälim etdi.

Mundan ozalam Nigeriýanyň bu şäherinde “Boko haram” atly yslamçy terror topary ýerli hristianlara garşy birnäçe gezek hüjüm amala aşyrypdy. Nigeriýanyň prezidenti Gudlak Jonatan bu terror toparyny ýurtda dini duşmançylygy öjükdirjek bolýanlykda aýyplap çykyş edipdi.

Nigeriýanyň demirgazyk regionynyň ýaşaýjylary aglaba musulmanlardan, günorta regionynyň ýaşaýjylary bolsa aglaba hristianlardan ybarat.
XS
SM
MD
LG