Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda bir günde ýedi sany täze ministr işe bellendi


Hindistanda hökümetiň düzümini täzelemek boýunça başlanan soňky kampaniýanyň barşynda ýekşenbe güni 59 ýaşly tanymal syýasatçy Salman Hurşid bu ýurduň daşary işler ministri wezipesine bellendi.

Ýurduň ozalky daşary işler ministri, 80 ýaşly Somanahalli Mallaýýa Krişna şenbe güni özüniň wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh ýurduň hökümetiniň düzümini täzelemek boýunça düýpli çäreleri ýola goýdy. Diňe ýekşenbe gününiň özünde ýedi sany täze ministriň wezipelerine kasam edişlik dabarasy geçirildi.

Wezipelerinden boşadylan ozalky ministrlerden birnäçesine garşy korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG