Sepleriň elýeterliligi

BMG: Mýanmarda dini çaknyşyklarda 26 müň adam öýüni terk etdi


Ýekşenbe güni BMG-niň gumanitar meseleler boýunça Mýanmardaky koordinatory Aşok Nigam bu ýurduň günbatar regionynda dini-etniki çaknyşyklar sebäpli 26 müň 500-den gowrak adamyň öz ýaşaýan ýerini terk etmäge mejbur bolandygyny mälim etdi.

Ol şolardan 22 müňe golaýynyň onsuzam bosgunlardan hyň berýän bosgunlar lagerine gaçyp atandyklaryny aýdýar.

Mýanmaryň günbataryndaky bu bosgunlar lageri şu ýylyň iýunynda ýerli buddistleriň “Rohingýa musulmanlary” diýlip atlandyrylýan musulman azlyklarynyň ýaşaýan obalaryna hüjüm etmekleriniň yzy bilen döredilipdi.

Mýanmaryň hökümeti soňky üç günüň dowamynda ýurduň günbataryndaky Rakhine ştatynda ýüze çykan bu dini-etniki çaknyşyklarda 67 adamyň ölüp, 95 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG