Sepleriň elýeterliligi

Urainada parlament saýlawlaryndan soň sesler sanalýar


28-nji oktýabrda Ukrainada geçirilen parlament saýlawlarynyň ilkinji netijelerine görä, prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndaky partiýasy öňde barýar. Sesleriň üçden bir böleginiň sanalmagy bilen Ýanukowiç sesleriň 36%-ne eýe boldy.

Häzir türmede saklanýan oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşina” ýagny “Ata watan” partiýasy 21% ses gazanypdyr. Kommunistik partiýa 15% ses toplap, üçünji orunda barýar. Dünýä derejesinde meşhur bokser Witaliý Kliçkonyň “UDAR” ýagny “Ukrainanyň reformalar uguryndaky demokratik alýansy” 13%, “Swoboda” partiýasy 8% ses toplapdyr.

Günbatarly resmiler Ukrainanyň 450 orunlyk parlamentine geçirilen ýekşenbe günki saýlawlaryň ukrain demokratiýasy üçin synag bolandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG