Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ apy-tupana taýýarlyk görýär


“Sandy” diýip atlandyrylan tüweleýiň Birleşen Ştatlaryň gündogar ştatlaryna golaýlamagy bilen baglylykda, bu ýerden ýüzleçe müň adam göçürilýär. Güýji her sagatda 120 kilometre ýetýän bu apy-tupanyň kenarýaka giňişliklere, hususan-da Nýu-Jersi ştatyna duşenbe güni giç agşam ýa-da sişenbe güni irden ýetjegi çak eidlýär.

Günbatar şemalynyň Arktikadan gelýän sowuk howa bilen aralaşmagy netijesinde emele gelmegine garaşylýan apy-tupanyň 60 milliona golaý adama täsir ýetirmeginiň ähtimaldygyny aýdylýar.

Ýurduň Demirgazyk Karolinadan başlap, Konnektikut ştatyna çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Nýu-Ýorkda we Waşingtonda jemgyýetçilik transporty we gündogar kenara tarap demirýol gatnawy ýapylýar. Birleşen Ştatlaryň gündogar ştatlaryndan müňlerçe uçar reýsleri ýatyrylýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hökümetiň ýagdaýa tiz we jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG