Sepleriň elýeterliligi

Eýran Yrak bilen serhetinde harby türgenleşiklere başlaýar


Eýranyň harby türgenleşikleri duşenbe güni başlanýar. Goşunyň baş ýolbaşçysy general Said Arablunyň ýarym resmi ISNA habar agentligine aýtmagyna görä, üç günlük türgenleşiklere howa we guryýer goşunlary gatnaşarlar.

Eýran resmisi türgenleşikleriň goşunlaryň taýýarlyk ukybyny täzelemek üçin geçirilýändigini aýtdy.

1980-nji ýyllarda Eýran we Yrak arasynda bolan sekiz ýyllyk uruş zerarly ýurtlaryň ikisinden bir milliona golaý adam heläk bolupdy.

Eýran planlaşdyran bu türgenleşiklerini Tähranyň ýadro programmasynyň daşynda halkara tankytlarynyň güýçlenen wagtynda geçirýär.
XS
SM
MD
LG