Sepleriň elýeterliligi

Mýanmada 26 müňden gowrak adam öýlerini terk etdi


Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli resmisiniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Mýanmanyň günbatar böleginde dowam edýän dini we etniki zorluklar zerarly 26 ýarym müňden gowrak adam öýlerini terk edipdir.

BMG-niň Mýanmada ynsanperwerlik boýunça koordinatory Aşok Nigam iýundaky zorluklar netijesinde 22 müň adamyň ýörite lagerlere gaçyp barandygyny, ýene 4 müň adamyň paýtagt Situe gämi arkaly aşandygyny aýtdy.

Gaçyp gutulanlaryň aglaba köpüsi musulmanlar. Şenbe güni “Human Right Watch” guramasy Kyaukphyu şäheriniň boşap galandygyny görkezýän sputnik suratlaryny ýaýratdy. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu guramanyň aýtmagyna görä, iň agyr zarbalary Rakhine regionynyň musulmanlary başdan geçiripdir.

Mýanmanyň hökümeti geçen hepdede Rakhinede 67 adamyň ölendigini we 95 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. “HRW” pidalaryň has köpdügini aýdýar.
XS
SM
MD
LG