Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Brahimi: Siriýadaky ýagdaýlar ýaramazlaşýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahkdar Brahimi. Moskwa, 29-njy oktýabar, 2012 ý.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahkdar Brahimi. Moskwa, 29-njy oktýabar, 2012 ý.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahkdar Brahimi Moskwada Siriýadaky krizisiň “erbetdigini we barha ýaramazlaşýandygyny” aýtdy.

Lahkdar Brahimi bu barada duşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren gepleşiklerinden soňky çykyşynda durup geçdi. Şol bir wagtda-da ol özüniň ok atyşyklary bes etmek baradaky hödürlän teklibiniň başa barmandygy sebäpli, ruhdan düşmejekdigini bildirdi.

Brahimi: “Biz bu ugurda güýjümizi gaýgyrman işlemegi dowam etdireris. Biz gandöküşikligi duruzmak we Siriýanyň täzeden gurulmagyna ýol açmak üçin, ýurduň içindäki we daşyndaky ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk ederis” diýdi.

Ok atyşyklary wagtlaýyn bes etmek baradaky ylalaşyk geçen hepdäniň anna güni başlanyp, ol musulmanlaryň Eid al-Adha, ýagny Gurban baýramy döwründe dowam etmelidi. Emma bu baradaky ylalaşyk asla durmuşa geçmedi. Munuň amala aşmandygy üçin, hökümet güýçleri prezident Başar al-Assada garşy göreşýän gozgalaňçylar birek-biregi aýyplaýarlar.

Şeýle-de duşenbe güni Siriýanyň telewideniýesi “terroristik” diýilýän hüjümiň netijesinde amala aşyrylan ulag partlamasynda azyndan on adamyň ölendigi barada maglumat berdi.

Siriýaly aktiwistleriň maglumatyna görä, anna gününden bäri ýurt boýunça ýüzlerçe adam ölüpdir.

Brahiminiň hödürlän teklibinden ozal, şu ýylyň aprelinde BMG-niň ozalky Baş sekreaty Koffi Annanyň ok atyşyklary bes etmek baradaky plany hem başa barmandy.

Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda Lawrow Siriýadaky bolup geçýän wakalar boýunça halkara jemgyýetçiliginiň birlikde hereket etmelidigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Brahiminiň sişenbe güni Pekine sapara gelýändigini habar berdi. Emma iki günlük saparyň dowamynda anyk haýsy meseleleriň maslahat ediljekdigi barada aýdylmady.

Orsýet bilen Hytaý mundan ozal BMG-niň Assadyň režimini ýazgarýan üç rezolýusiýasyna garşy weto haklaryny ulandylar.
XS
SM
MD
LG