Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri belli boldy


Ukrainanyň Werhownaýa Radasyna geçirilýän saýlawlaryň deslapky netijeleri. 29-njy oktýabr, 2012 ý.

Ukrainanyň Werhownaýa Radasyna geçirilýän saýlawlaryň deslapky netijeleri. 29-njy oktýabr, 2012 ý.

Ukrainada parlament saýlawlarynda berlen sesleriň ýarpysyna golaýy sanaldy. Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan neşir edilen deslapky netijeler boýunça häzir öňde – sesleriň takmynan 35% bilen Ýanukowiçiň ”Regionlar partiýasy” barýar.

Bu partiýanyň başlygy premýer-ministr Mykola Azarow ýekşenbe güni agşam ses berlişikden soň eden çykyşynda öz partiýasynyň ýeňiş gazanjakdygynyň "mese-mälimdigini" aýtdy: "Regionlar partiýasynyň” ýeňiş gazanandygy mese-mälim. Bu hemmelere belli. Bu diňe sanlyja adama mese-mälim bolmaz. Käbir adamlar biziň ýeňilmegimizi arzuw edýärler. Emma biz ýeňdik. Biz doly adalatly göreşde ýeňdik".

”Regionlar partiýasynyň” iň ýakyn bäsdeşi häzir türmede oturan oppozision ýolbaşçy Ýuliýa Timoşenkonyň ”Batkiwşhnýa” (Ata-Watan) partiýasy 22% ses alyp, ikinji orunda durýar.

15% ses bilen üçünji orunda bolsa Kommunistik partiýasy dur.

Saýlawlaryň yzysüre geçirilen pikir soralyşyklaryň iň azyndan biri syýasy bäsdeşler Ýanukowiç bilen Timoşenkonyň partiýalarynyň arasynyň o diýen uzak däldigini görkezdi.

Arseniý Ýatsenýuk Timoşenkonyň partiýasyny hem öz içine alýan ”Birleşen oppozisiýa ýaranlygynyň” başlygy. Ol ýekşenbe güni "saýlawyň yzysüre geçirilen pikir soralyşyk halkyň hökümeti däl-de, oppozisiýany goldaýandygyny subut etdi" diýdi: "Saýlawyň yzysüre geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine görä, ukrain halkynyň häkimiýetleri däl-de, oppozisiýany goldaýandygy mese-mälim. Indi möhüm zat, ses berişlik tamamlanansoň, sesleriň sanalmagy. Düzgüni bozma bolmaly däl, galplyk bolmaly däl".

”Regionlar partiýasynyň” işgärleri şahsy ýaryşlar sanawa geçirilenden soň öz paýlaryna düşýän sesleriň artjakdygyny aýdýarlar.

Günbatarly resmileriň aýtmagyna görä, 450 orunly Werhowna Rada ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar Ukrainanyň gowşak demokratiýasy üçin bir "synag" boldy.

Bu saýlaw "Mämişi rewolýusiýanyň" simwolyna öwrülen Timoşenko 2010-njy ýylda prezidentlik saýlawlarynda Ýanukowiçden ýeňleli bäri geçen ilkinji saýlaw synagydyr.

Wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Timoşenko keselhanada ýatan ýerinden ses berdi. Ol häzir keselhanada saglygyny bejerdýär.

Saýlawa halkara synçylar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem 800 adamdan ybarat topary gözegçilik etdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gözegçiler topary duşenbe güni saýlawlaryň hakyky we aýdyň suratda geçendigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG