Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bisenkul özi we türkmen türmeleri barada


Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenow. 24-nji oktýabr, 2012 ý.
Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenow. 24-nji oktýabr, 2012 ý.
Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenow häzirki wagtda Almatyda ýaşaýar. Geçen ýyl Begdesenow “kezzaplykda we para bermäge araçylyk etmekde” aýyplanyp, şertli ýagdaýda dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol mundan soň iki gezek Gazagystanda bolandygyny aýdýar.

Begdesenow: “Meni şäheri terk etmezlik şerti bilen, suduň zalynda azatlyga goýberdiler. Men şol wagt Aşgabatda ýaşaýardym we onuň çäklerinden çykyp bilemokdym. Men Daşoguzdaky ejemi görjek bolsam hem, kynçylyk baryny çekýärdim. Her gezek ýörite rugsat soramaly bolýardy” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Kadadançykma

Bisenkul Türkmenistanyň daşyna halkara jemgyýetçiliginiň ýardamy esasynda, çykmagy başarandygyny aýdýar. Bisenkulyň sözlerine görä, derňewiň gidýän mahaly türkmen häkimiýetleri ol babatynda azyndan iki gezek kadadançykma ýol beripdirler.

Begdesenow: “Sud diňlenişiginde maňa şertleýin ýagdaýda ýyl kesilip, höküm çykaranlaryndan soň, meni göni suduň zalynda boşatdylar. Adatça, Türkmenistanda bir adam tussag edilip, soňundan hem sud edilse, ony tussaglykdan boşatmaýarlar. Soňundan hem olar meni amnistiýa düşürip, ikinji gezek kadadançykma etdiler” diýdi.

Bisenkul Begdesenowyň bellemegine görä, ol hiç haçan günäsini boýun almandyr we puşman etmändir. Amnistiýa düşmek üçin bolsa, munuň esasy şertlerdigini hem Begdesenow sözüne goşdy.

Begdesenow Türkmenistanda bir ýylyň dowamynda ençeme gezek amnistiýanyň geçirilýändigini, emma “adamlaryň mundan hem ýygy türmelere basylýandygyny” aýdýar.

Bisenkul Begdesenowyň sözlerine laýyklykda, haçan-da ol 1990-njy ýyllaryň ortalarynda “Ýegimaý Türkmenistan” (“Biziň öýümiz – Türkmenistan”) atly gazaklaryň jemgyýetçilik-medeni merkezini döretjek bolanda, onuň ýurduň howpsuzlyk gulluklary bilen aradaky kynçylyklary başlanypdyr. Ol özüne açylan jenaýat işiniň syýasy matlap bilen edilendigini öňe sürýär.

Begdesenow geçen ýylyň 11-nji aprelinde kezzaplykda aýyplanyp tussag edilipdi. Emma ol özüniň gazak diasporasynyň lideri hökmünde alyp baran işleri üçin tussag edilendigini aýdýar.

Begdesenow: “Biziň gazak jemgyýetimizi resmi taýdan hasaba almasalar hem, biz bu ugurda tagalla etmegi dowam etdiripdik. Bizi hasaba almakdan ýüz öwürseler, biz ýene-de täzeden ýüz tutýardyk. Hasaba almak prosesiniň dowam edýän mahaly, biziň merkezimiz nähili bolsa-da çäreleri geçirýärdi. Bu ýagdaý 2000-nji ýylyň başlaryna çenli dowam etdi” diýip, gürrüň berýär.

Ol sözüni dowam etdirip: “Meni Türkmenistanyň hem içinde hem-de daşynda Türkmenistandaky gazak diasporasynyň lideri hökmünde tanaýardylar. Adamlar maňa ýüz tutýardylar. Bu hem türkmen häkimiýetleriniň göwnünden turmady” diýdi.

Türkmen türmeleri

Bisenkul özüniň oturan wagtlaýyn tussaghanasyndaky ýagdaýlary ýatlap, ol ýerdäki şertleri “ýaramaz” diýip häsiýetlendirýär. Ol: “Bäş metrlik kamerada 28-e golaý adam saklanýardy. Ähli kişi üçin umumy tagta sekisi, ýagny topçan görnüşli bir zat bardy. Howanyň gyzýandygy sebäpli, kameranyň içinde dem alar ýaly bolmaýardy. Kamerada aýna şekilli kiçijik bir oý bardy. Emma ol hem daşyndan metal demir bilen örtülendi”.

Bisenkul wagtlaýyn tussaghanadaky berilýän naharlar barada şeýle gürrüň berýär: “Irden çaý, giçlik hem çaý. Günortan bolsa çorba meňzeş suwuk bir zat. Ony iýip hem bolmaýardy. Daşyndan hem [tussaga] nahar ibermek gadagandy”.

Bisenkulyň sözlerine görä, kameradaky topçanda tagtabitleri bolup, olar sebäpli gijelerine ýatyp hem bolanok eken. Olar sebäpli adamlaryň bedeninde ganjaryp duran ýaralar hem peýda bolupdyr.

Häzir Bisenkul Almatyda öz ogullarynyň öýünde ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG