Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sendi" harasady ABŞ-nyň gündogaryna aralaşýar


"Sendi" harasady sagatda 140 kilometr tizlik bilen Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryna aralaşýar.
"Sendi" harasady sagatda 140 kilometr tizlik bilen Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryna aralaşýar.
"Sendi" harasady sagatda 140 kilometr tizlik bilen Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryna aralaşýar. Emele gelmegine garaşylýan apy-tupandan howatyr edilip, bu ýerlerden ýüzlerçe müň adam ewakuasiýa edildi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama milli telewideniýede çykyş edip, apy-tupanyň geçjek ugrundaky regionlarda ýaşaýan adamlary ýerli häkimiýetleriň duýduryşlaryna gulak asmaga, eger talap edilse, bu ýerleri haýal etmän terk etmek üçin taýýar bolmaga çagyrdy.

"Häzir adamlara aýtjak iň möhüm zadym: ştatlaryň häkimiýetleriniň we ýerli resmileriň aýdýan zatlaryna gulak asmagyňyzy haýyş edýärin" diýip, Obama aýtdy. "Eger olar ewakuasiýa edilmelidigiňizi aýtsalar, muny etmeli bolar. Soňa goýmaň, ara salym salmaň, berilýän görkezmeleri sorag astyna almaň, sebäbi bu çynlakaý tupan. Adamlar çalasyn hereket etmeseler, munuň ölüme getirýän netijeleri bolup biler".



Tupan Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryna 29-njy oktýabrdan 30-njy oktýabra geçilýän gije aralaşdy.

Sil suwlarynyň we elektrik toklarynyň kesilmeginiň azyndan 50 million adama täsir etmegine garaşylýar.

"Sendi" tupanynyň iki sany gyşky howa sistemasy bilen birleşmegine garaşylýar. Bu ýagdaý boýy bir metre ýetýän garyň emele gelmegine sebäp bolup biler.

Ýurduň Demirgazyk Karolina ştatyndan başlap, Konnektikut ştatyna çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Nýu-Ýorkda we Waşingtonda jemgyýetçilik transport gatnawlary togtadyldy.

Birleşen Ştatlaryň birža bazary 30-njy oktýabrda ýapyk durar.

Manhetten bilen Nýu-Jersini, Holland bilen "Battery Nýu-Ýork City" raýonyny birleşdirýän iki sany tuneliň ýapylmagyna buýruk berildi.

Prezident Obama tupanyň özi geçip gidenden soň, onuň netijeleriniň birnäçe güne çekip biljekdigini duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň gündogar ştatlaryndan müňlerçe uçar reýsleri ýatyryldy.
XS
SM
MD
LG