Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Random House” “Penguin” bilen birigip, täze neşirýat döredýär


Dünýäniň iň uly neşirýatlarynyň ikisi birleşip, dünýäniň iň uly kommersiýa kitaplary neşirýatyny döretjeklerini yglan etdi.

Duşenbe güni tassyklanan plan boýunça britaniýaly Pirsonyň “Penguin books” neşirýaty bilen germaniýaly Bertelsmanyň “Random House” neşirýatlary birigip, bir neşirýata öwrülýär.

Habarlara görä, bilelikdäki neşirýat global neşirýat bazarynyň 25% töweregine kontrollyk eder. Plan boýunça, Bertelsman bu neşirýatyň 53% eýelik edip, geňeşiň 5 direktoryny hödürlär, Pirson bolsa, kärhananyň 47% eýelik edip, 4 direktor hödürlär.
XS
SM
MD
LG