Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda bir ymam näbelli hüjümçiler tarapyndan öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda bir ymam näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

“Itar-Tass” we “AFP” habar agentlikleriniň berýän maglumatyna görä, näbelli hüjümçiler sişenbe güni Derbent şäherinde ymam Kalimulla Ibragimowyň barýan ulagyny oka tutupdyrlar.

Ulagyň içinde ymam bilen birlikde onuň dogany we kakasy hem bar eken. Hüjümde olaryň ählisi heläk boldy. Maglumata görä, olar namaz okamak üçin metjide barýan ekenler.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar
XS
SM
MD
LG