Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň harby gämileri Sudanyň ýakalaryna geldi


Eýranyň iki sany harby gämisi Sudanyň deňiz ýakalaryna gelip durdy. Bu barada Eýranyň döwlet eýeçiligindäki habar agentlikleri maglumat berýär.

“Kharg” we “Şahid Nakdi” gämileri Sudanyň ýakalaryna duşenbe güni geldi. Mundan bir hepdä golaý wagt ozal, Sudanyň resmileri Ysraýyly özleriniň Khartumdaky ýarag zawodyna howa hüjümini amala aşyrmakda aýyplapdy. Sudan Ysraýyldan ar aljakdygy bilen haýbat atypdy.

Berilýän maglumata görä, harby gämilerdäki Eýranyň komandirleri Sudanyň harby-deňiz ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirerler.

Duşenbe güni Sudanyň Daşary işler ministrligi, Ýarmuk ýarag zawodyna edilen hüjümde Eýranyň dahyllynyň ýokdugyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG