Sepleriň elýeterliligi

T. Jumageldi: "Ýolumy ýapan ekenler"


Tirkiş Jumageldi (ortada) Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda protest üýşmeleňinde çykyş edýär. Aşgabat. 1991 ý.

Tirkiş Jumageldi (ortada) Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda protest üýşmeleňinde çykyş edýär. Aşgabat. 1991 ý.

74 ýaşyndaky ýazyjy Tirkiş Jumageldi Türkmenistanda iki onýyllyga golaý gadaganlyk jebrini çekýändigini, soňky ýyllarda bolsa ýurtdan hem çykarylmaýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurbana interwýu berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz näme üçin gara sanawa girizildiňiz, munuň sebäbini nämede görýärsiňiz?

Tirkiş Jumageldi: Men Nyýazowyň syýasatyny Sowet Soýuzy mahalynda, ol Kompariýatiýanyň birinji sekretaryka-da goldamadym, soňam goldamadym. Men goldamaýandygymy mümkin bolan hajatynda Nyýazowyň ýüzüne-de aýdýardym. Şunuň özem eýýäm Nyýazowyň içinde men babatda kitüw saklamagyna sebäp bolupdy.

Ýöne şu ýerde başga bir ýagdaýam aýdaýyn: Nyýazow meniň adymy ähli ýerden öçürdenem bolsa, gazançdan mahrum eden-de bolsa, maşgala agzalaryma azar ýamanyny berdiren-de bolsa, geň galmaly ýeri, 11 ýylyň dowamynda daşary ýurda çykmaga ýolumy baglamandy. Men soňky gezek 2002-nji ýylyň güýzünde Moskwada ýaşaýan oglumyň ýanynda bir aý bolup gelipdim. Soňra ýolumy ýapan ekenler.

Azatlyk Radiosy: Ýoluňyzyň ýapylanyny nädip bildiňiz?

Tirkiş Jumageldi: Nyýazow öldi, Berdimuhamedow prezident boldy. Emma men babatda metbugata girizilen gadaganlyk aýrylanokdy. Şol mahal oglum meni Moskwa çagyrdy: "Jaý aldym, gör, dynç al, saglygyňa seretdir, sanatoriýa putýowka alyp goýdum" diýdi. "Barlap göreýin-le" diýip, Migrasiýa gullugyna bardym. "Ýaşuly, size ýurtdan çykmaga girizilen gadaganlyk henizem dowam edýär" diýdiler. Geň galdym: "Gadaganlyk haçan, näme üçin girizilipdir?" diýdim. Bu sowala jogap bermediler.

Gadaganlyk ähli babatda üýtgewsiz dowam edýär.
Ondan bäri 6 ýyl geçdi. Men heniz hem anyk jogap alyp bilemok. Gadaganlyk ähli babatda üýtgewsiz dowam edýär. Şu ýyllaryň dowamynda prezident Berdimuhamedowyň adyna 4 gezek hat ýolladym.

"Daşary ýurtlarda işleýän, ýaşaýan ogullarymyň, agtyklarymyň ýanyna gidip-gelmäge, saglygymy bejertmäge rugsat ediň, bu meniň ata hökmünde, raýat hökmünde kanuny hukugym. Eger şol hukukdan mahrum etmäge delil bolup biljek etmişim bar bolsa, anyk aýdylmagyny soraýaryn" diýip, öwran-öwran ýazdym.

Döwlet Migrasiýa gullugyndan birmeňzeş mazmundaky jogaplar gelýärdi. "Siziň Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýazan arzaňyzyň gullugymyz tarapyndan doly öwrenilendigini, şeýle hem degişli guramalaryň gelen netijesine görä, siziň ýurduň çäginden çykmaklygyňyza girizilen çäklendirmäniň öňki güýjünde galdyrylýandygyny habar berýäris" diýip ýazýardylar.

Azatlyk Radiosy: Migrasiýa hakyndaky kanunda raýatyň daşary ýurda çykmagyna çäklendirmäniň onusy görkezilýär. Şolaryň arasynda size degişlisi barmy?!

Tirkiş Jumageldi: Ýok.Täze kanuna goşulan 10-njy punktda bir zat diýilýär: "raýatyň ýurtdan çykmagy Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine garşy gelen halatynda" diýen görkezme bar. Bu punktuň öňünde getirilen 9 punkt esasly, anyk. Emma 10-njy punktuň mazmunynda anyklyk ýok. Bu punkt bilen islendik raýata şübhe bildirip bolýar. Kanun şübhä daýanmaly däl. Kanun real faktdan ugur almaly. Belki, şol görkezme bilen maňa-da şübhe bildirip ýören bolmaklary ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda ýurt içinde gadagan bolsaňyzam, daşary ýurtda birnäçe kitabyňyz neşir edildi, makalalaryňyz çykarylýar. Olar üçin size azar berýärlermi?!

Tirkiş Jumageldi: Berdimuhamedowyň prezidentlik edýän ýyllarynda meniň iki romanym, powestim türkmen, rus dillerinde daşary ýurtlarda çap edildi. Şolar üçin häkimiýetler tarapyndan maňa gaty-gaýrym söz aýdylmady. Bu fakt bärde-de çydamyň artýandygyndan bir delil bolsa gerek. Daşary ýurda çykan halatymda-da men bu fakty aýdyp biljek. Eýsem bu türkmen häkimiýetlerine peýdaly faktor bolmajakmy?

Men golaýda, sentýabr aýynyň 21-nde nobata ýazylyp, Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Gurdowyň ýanyna bardym. "Şu ýylyň dowamynda siziň goluňyz bilen iki jogap hatyny aldym, hatlaryň ikisinde-de şol öňki sözler gaýtalanýar" diýdim. "Eger meniň arzam doly öwrenilen bolsa, degişli guramalar belli netijä gelen bolsa, şol netijäni maňa açyk aýdyp bolmaýarmy?" diýdim. Orunbasar anyk bir zat aýtmady.

Men dört ýyl ozal, ýagny 2008-nji ýylda Döwlet howpsuzlygy ministrligine hat ýollap, aýdyňlygy gazanaryn öýdüpdim. Hiç hili jogap berilmändi. Meniň ýagdaýymdan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň habarlydygyny ýa-da däldigini açyk aýdyp biljek däl. Biz ýurduň halkyna tanalan adam, häzirem unudulandyryn öýdemok. Ýazyjy hökmünde daşary ýurtlarda-da tanalýanyma şübhe edemok. Eger meniň haýyşlarym prezidentiň dykgatyna önjeýli ýetirilen halatynda, ol hem garşy bolar diýip biljek däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG