Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “Sendi” prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirýär


“Sendi” diýip atlandyrylan apy-tupanyň netijeleri, 30-njy octýabr, 2012.
“Sendi” diýip atlandyrylan apy-tupanyň netijeleri, 30-njy octýabr, 2012.

ABŞ-nyň gündogar kenarynda bolan “Sendi” diýip atlandyrylan apy-tupan saýlaw kampaniýasynyň gün tertibini üýtgetdi. Emma bu onuň prezidentlik saýlawlaryna ýetiren täsirleriniň biri boldy.

ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna bir hepde galanda ýüze çykan we ýurduň demirgazyk-gündogar ştatlarynyň uly bölegine uly zyýan ýetiren tebygy betbagytçylygyň prezident Barak Obama we respublikan partiýasynyň dalaşgäri Mitt Romneý üçin garaşylmadyk pursatlaryň ýene birnäçesini döretmegi ähtimal.

Bu apy-tupan Obamanyň we Romneýiň saýlawlaryň öňýanyndaky kampaniýalarynyň iň soňky hepdesiniň gün tertibini üýtgetdi.

Obama hepdäniň duşenbe güni Florida, Ogaýo hem Wirjiniýa ştatlaryna öňünden bellenen saparlaryny we sişenbe güni Wiskonsin ştatyna belenen saparyny ýatyrdy.
Obama bu apy-tupanyň ses berişlige ýetirip biljek täsiri baradaky sowala jogap berip, saýlawlar meselesine indiki hepdede garaljagyny, häzir bolsa tebygy betbagytçylyk boýunça tiz hereket etmegiň zerurdygyny belledi.

Mitt Romneý duşenbe güni Ogaýo ştatyna we sişenbe güni New Hempşir ştatyna planlaşdyran saparlaryny ýatyrdy.

Obama bilen Romneýiň planlaşdyran gün tertipleriniň üýtgedilmegi apy-tupanyň saýlaw kampaniýasyna ýetiren täsiriniň diňe bir bölegi bolup durýar.

Täsirler

Apy-tupan hepdäniň duşenbe güni Merilend we Kolumbiýa okruglarynda möhletinden ozalky ses berişligi yza tesdirdi.

Möhletinden ozalky saýlawlar Wirjiniýa ştatyndaky ses berişligi-de ýatyrdy.

Şeýle-de gündogar ştatlarynda slawlardan öňki köpçülikleýin pikir soralyşygynyň çäkli geçirilmeginiň mümkindigi çak edilýär.

Üstesine, elektron ses berişlik üçin ýörite gurallaryň tebygy betbagytçylykdan soň nädip işlejegi-de sorag astynda galýar.

Nýu-Ýorkda we Nýu-Jerside elektrik togy, telefonlar we internet üçin infrastrukturanyň nä derejede tiz dikeldiljegine-de köp zat bagly bolar. Ol wagtynda doly dikeldilmese bu hem ses berişligiň kada laýyk geçirilmegine täsir ýetirip biler.

Federal hökümetiň ses berişligi yza tesdirmegine ýuridiki meseleler päsgel berýär. Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasy Kongresse prezidentlik saýlawlarynyň gününi üýtgetmäge ygtyýar berýär. Emma Kongressiň işindäki arakesme kongressmenleriň ses berişlik barada karara gelmek mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Federal resmiler saýlawlaryň yza tesdirilip-tesdirilmezligi barada karar çykarmak işiniň her bir ştatyň özüne baglydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da adatdan daşary ýagdaýlara degişli düzgünlerde kesgitsizlik bar, meselä nähili çemeleşilmelidigine doly düşündiriş berilmeýär.

Käbir ştatlar saýlaw uçastoklaryny başda planlaşdyrylyşyndan has uzak wagtlap açyk galdyrmaga ýa-da ses berişligiň geçirilişline beýleki uýtgetmeleri girizmäge hakly.

Ýuristler adatdan daşary ýagdaýda döwletiň ähli federal saýlawlary yza tesdirmäge ygtyýarly bolup-bolmazlygynyň-da düşnüksiz görünýändigini belleýärler.

Şol bir wagtda-da Birleşen Ştatlaryň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça federal agentligi apy-tupanyň 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmeginiň ähtimaldygyny göz öňünde tutup taýýarlyk gorýär.
XS
SM
MD
LG