Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçiň partiýasy köplük orny eýelejege meňzeýär


Ýekşenbe günki ses berişlik Ýanukowiç 2010-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynda Timoşenkony ýeňeli bäri geçen ilkinji ses berişlik boldy.

Ýekşenbe günki ses berişlik Ýanukowiç 2010-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynda Timoşenkony ýeňeli bäri geçen ilkinji ses berişlik boldy.

Daşardan baran synçylaryň galplaşdyryldy diýip ýazgarýan saýlawlarynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň partiýasy we onuň ýaranlary parlamentde köplük orny eýelejege meňzeýär.

Ýekşenbe günki ses berişligiň takmynan gutarnykly netijeleri boýunça "Regionlar partiýsy" sesleriň 32 prosentini alyp, birinji orny eýeleýär. Çaklamalarda aýdylyşyna görä, täk mandatly saýlaw bölümleriniň netijeleri, şeýle hem Kommunistik partiýa ýaly ýaranlarynyň goldawy bilen "Regionlar partiýasynyň" 450 orunly parlamentde köplük orny eýelemek ähtimaly gaty ýokary.

Parlamentdäki orunlaryň ýarpysy partiýalaýyn sanawlaryň, beýleki ýarpysy hem täk mandatly saýlaw bölümleriniň paýyna düşýär.

Aýan edilen doly däl netijeler boýunça, häzir türmede oturan oppozision ýolbaşçy Ýulia Timoşenkonyň "Ata-Watan" partiýasy ikinji orunda. Onuň alany – sesleriň 24 prosenti. 3-nji orunda 14 prosent bilen Kommunistik partiýa. Ondan soň hem boksçy Witaliý Kliçkonyň "Urgy” partiýasy bar. Onuň alany 13, milletçi "Azatlyk" partiýasynyň alan sesleri hem 9 prosent töweregi.

Timoşenko bir beýannamasynda "başdan-aýak galplaşdyrylan" diýip, bu saýlawlary tankytlady. Ol özüniň bu saýlawlara garşy protest bildirip, açlyk yglan etjekdigini aýtdy.

Ýekşenbe günki ses berişlik Ýanukowiç 2010-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynda Timoşenkony ýeňeli bäri geçen ilkinji ses berişlik boldy.

Saýlawlaryň netijeleri bildirilip ugrandan soň Birleşen Ştatlar, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çet ýurtly gözegçileri saýlaw kampaniýasynda hem-de ses berişligiň özünde adalatyň doly ýerine ýetirilmändigini belläp, bu saýlawlary Ukrainanyň demokratiýasynda yza tarap ädilen ädim diýip atlandyrdylar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçiler toparynyň başlygy Walburga Habsburg Douglas duşenbe güni Kiýewde geçen metbugat ýygnagynda ses berişligiň Ukrainanyň demokratik gazananlaryna zarba bolup degendigini belledi: "Güýç-gudratdan galp peýdalanylandygyny we puluň oýnan roluny göz öňüne getireniňde, demokratik öňegidişlik Ukrainada tersine öwrülene meňzeýär".

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toner hem saýlawlarda bolan galplyklara salgylanyp, şeýle diýdi: "Saýlawlar öňki parlament saýlawlarynda we 2010-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda edilen öňegidişlikden bir ädim yza tesmek boldy. Öňki saýlawlar Ukrainanyň demokratiýasynda öňe tarap ädilen möhüm ädimlerdi".

Ýewropa Bileleşigi saýlawlardan soňky wakalary özüniň ýakyndan yzarlajakdygyny bildirdi. Bileleşigiň baş diplomaty Katerin Aşton bilen Bileleşigiň giňeme boýunça komissary Stefan Fuele bilelikde çykarylan bir beýannamada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň gelen netijelerine salgylanyp, munuň "köp kemçilikli garym-gatym suraty" görkezýändigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG