Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabadyň bazaryndaky dyknyşyk hemmeleri köseýär


Köçelerde döreýän maşyn dyknyşyklarynyň düýp sebäbini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy ulaglaryň gün-günden köpelip gidip oturmagyndan görýärler.

Köçelerde döreýän maşyn dyknyşyklarynyň düýp sebäbini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy ulaglaryň gün-günden köpelip gidip oturmagyndan görýärler.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Saparmyrat Nyýazow adyndaky bir ugurly köçesiniň şäheriň merkezi bazary, il arasynda “Gök bazar” diýlip atlandyrylýan bazara golaý ýerlerinde her gün irden sagat 7-den soň ulaglar dyknyşyp ugraýar. Günortana ýakyn bolsa, köçäniň ýaňky böleginden geçip gitmek üçin ýarym sagada golaý wagtyň gidýändigini sürüjiler aýdýarlar.

Bu diňe Nyýazow köçesiniň ýagdaýy däl, ol köçä çykýan Gulyrejepow köçesinde-de ýoluň gyralarynda goýlan ulaglar zerarly köçeden ulagly hereket etmek ýerli ýaşaýjylara kyn düşýär. Ýogsam bu iki köçäniň gapdalynda tölegli maşyn duralgasy hem bar. Ýöne maşyn duralgasynyň meýdany-da käwagt ulaglaryň köplügi üçin ýeterlik bolmaýar.

“Ol duralgada ulagyňy goýmak üçin 1 manat tölemeli, 1 manat hiç, tölejek, ýöne kämahal käbir sürüjileriň öz ulaglaryny öňde duran maşynlaryň yzynda keserdip goýýanlygy sebäpli duralgadan maşynyňy çykarmak gaty kyn bolýar” diýip, ýeňil maşynyň sürüjsi Täçmyrat gürrüň berýär.

Ýöne öz ulaglarynda kireý edýän taksi sürüjileri ýörite maşyn duralgasyna öz ulaglaryny goýmajak bolýarlar, sebäbi bazardan öýüne gitjek müşderileri almak üçin bazara azyndan 7-8 gezek gelmeli. Sürüjiler bolsa her sapar 1 manat tölemegiň kyn düşýändigini aýdýarlar.



Köçelerde döreýän maşyn dyknyşyklarynyň düýp sebäbini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy ulaglaryň gün-günden köpelip gidip oturmagyndan görýärler.

“Ulaglar köpelip gidip otyr, köçeler bolsa şol öňki durkunda. Käbir köçeleri giňeltmäge mümkinçilik bar bolsa-da, hökümet meseläni çözjege meňzanok. Şäheriň merkezinden hususyýetçilere biznes üçin ýerleri satýarlar, köçeleri bolsa giňeldenoklar” diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran türkmenabatly taksiçi gürrüň berýär.

Gök bazaryň esasy derwezesiniň öňünde, awtobus duralgasynyň gapdalynda hususy taksileriň duralgasy-da bar. Ol duralgada ulagyňy goýanyň üçin 60 teňňe tölemeli. Bahasyny arzan görüp, köp adamlar ulaglaryny şol duralgada goýmak isleýärler, ýöne ol duralganyň meýdanynyň darlygy sebäpli, oňa girip çykmagyň görgi baryny görkezýändigini sürüjiler belleýärler.

Welaýatda işsizligiň derejesiniň ýokarydygy üçin, kireý edýän hususy taksiçileriň sanynyň hem gün-günden köpelýändigi aýdylýar. Sürüji Täçmyrat hususy kireý edýänleriň köpelmeginiň hem maşyn duralgalarynda ýerleriň ýetmezçiligine bolýan sebäpleriň biridigini aýdýar.

“Şeýle bolansoň adamlar öz ulaglaryny köçeleriň gyralaryna goýýarlar. Beýle edilmegiň-de ýol dykynlarynyň döremegine alyp barýandygy hemmä mälim. Şu günler köplenç köçeleriň gyralarynda-da ulag goýmana ýerler ýok. Täze dikilen “Durmak gadagan, säginmek gadagan” ýaly ýol belgileri sebäpli-de köçeleriň käbir ýerlerinde ulag goýup bolanok” diýip, Täçmyrat aýdýar.

Türkmenabat şäheriniň merkezi bazarynyň daş töwereginde döreýän maşyn dyknyşyklary zerarly ol ýeriň howasy şäheriň iň hapa howaly ýeri hasaplanýar. Ýüzlerçe ulaglaryň çykarýan tüssesi bazaryň töweregindäki öýleriň ýagdaýy bar bolan ýaşaýjylarynyň köpüsini şäheriň başga kiçi etrapçalaryna göçüp gitmäge mejbur edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG