Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Azeri raýatyny öldürmekde şübhelenip üç ofiser tussag edildi


Orsýetde Azerbaýjanyň raýatyny öldürmekde şübhelenip polisiýanyň üç ofiseri tussag edildi. Bu barada Orsýetiň Içeri işler ministrligi çarşenbe güni maglumat berdi.

Ministrligiň beýanatyna görä, üç patrul gözegçisi Moskwanyň Horoşewo-Menwiki etrabyndan eken.

Azerbaýjanly raýatyň öldürilmegi boýunça “ofiserleriň işsiz tanyşy” diýlip häsiýetlendirilen, dördünji bir adam hem tussag edildi.
XS
SM
MD
LG