Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sendi" tupanyndan ölenleriň sany 45-e ýetdi


Nýu-Ýork, 30-njy oktýabr.
Nýu-Ýork, 30-njy oktýabr.
Birleşen Ştatlarda zarply "Sendi" tupanyndan heläk bolanlaryň sany 45-e ýetdi, 8 milliona golaý hojalyk we edara jaýlary toksuz galdy.

Duşenbe güni giçlik gündogar kenara aralaşan apy-tupandan iň köp zyýan çeken şäherleriň biri bolan Nýu-Ýorkda azyndan 18 adamyň heläk bolandygy habar berildi.

Nýu-Ýorkda ýerasty geçelgeler ýapyk dur, tupandan zyýan gören regionlardaky ençeme aeroportlar, demir ýollary, köçeler we portlar işlänok. Işgärler bu ýerlerdäki sil suwlaryny, ýykylan agaçlary we elektrik liniýalaryny aýryp ýörler.

Muňa garamazdan, resmileriň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Nýu-Ýorkuň biržasynyň, Birleşen Ştatlaryň Waşingtondaky federal edaralarynyň açylmagyna garaşylýar. Olar iki günläp ýapyk durupdy.



Nýu-Ýorkdaky Jon F. Kennedi adyndaky halkara aeroportunyň we Nýu-Jersidäki Nýuark halkara aeroportunyň hem çäklendirilen hyzmatlar üçin açylmagyna garaşylýar.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, "supertupan" diýlip atlandyrylýan "Sendi" sebäpli, Birleşen Ştatlarda we dünýäniň dürli künjeginde, umuman alnanda, 18 müňden gowrak howa reýsleri ýatyrylypdyr.

Indiki sişenbe gününe planlaşdyrylan prezidentligiň ikinji möhletine kandidatlyk kampaniýasyny goýbolsun eden prezident Barak Obamanyň çarşenbe güni Nýu-Jersä baryp, bu ýeriň ýaşaýjylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Nýu-Jersiniň gubernatory Kris Kristi ştatyň ähli ýerlerinde elektrik üpjünçiliginiň dikeldilmeginiň ýediden 10 güne çekip biljekdigini aýtdy. Kristi Nýu-Jersi kenarlaryndaky jaýlara we edaralara ýeten zyýanyň möçberini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini belledi.

Obamany ýygy-ýygydan tankytlap gelen Kristi Respublikan partiýadan prezidentlige kandidat Mitt Romniniň goldawçysydyr. Harasatdan ejir çeken ýerlere sişenbe güni eden saparynyň dowamynda Kristi prezident Obamanyň tebigy betbagtçylyk barada eden aladasyny öwdi.

"Bu ýere gaýtmazymdan öň men ýene prezident Obama bilen telefon arkaly gürleşdim. Bilşiňiz ýaly, ol örän kesgitli. Ol bu ýerdäki ähli ştatlaryň arasynda Nýu-Jersiniň iň köp zyýan görendigini bilýär we täzeden gurmaly zatlarymyzy gaýtadan gurmakda biziň bilen işleşmekçi. Men oňa hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip, Kristi aýtdy.



Ondan öň, Obama Nýu-Ýork ştatynda we Nýu-Jerside "uly betbagtçylyk" yglan edipdi. Bu çäre federal fondlardan milliardlarça dollaryň halas ediş we arassalaýyş işleri üçin ulanylmagyna şert döredýär.

Žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Obama kösençlik çekýän adamlara ýardam bermekde zerur bolan ähli zady etmekleri üçin adatdan daşary ýagdaýlar boýunça federal edaralary gyssandygyny aýtdy.

"Meniň federal gulluklara beren görkezmäm şu boldy: "Bir zady näme üçin edip bilmeýändigimizi kesgitlemäň". Men siziň bir zady nädip etjegimizi kesgitlemegiňizi isleýärin. Men siziň resmi düzgünlere we býurokratiýa ilişip galmazlygyňyzy isleýärin. Häzirki pursatda hereket etmezlik üçin bahana bolup bilmez. Men her bir gullugyň öňe ýaplanmagyny we resurslaryň zerur bolan ýerlere doly ýetirilmegini isleýärin" diýip, Obama aýtdy.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg şäherde elektrik üpjünçiliniň doly dikeldilmeginiň üç güne, Amerikanyň iň uly jemgyýetçilik transport sistemasy bolan Nýu-Ýorkuň metrosynyň gaýtadan işledilmeginiň bolsa bäş güne çekip biljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlara aralaşmazyndan öň, "Sendi" tupanynyň Karib adalarynda 70-e golaý adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG