Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada Kasablanka hüjümlerine ilteşikli adam tussag edildi


Germaniýada 2003-nji ýylda Kasablanka şäherinde yslamçy söweşijileriň amala aşyran bomba partlamasy bilen ilteşikli bir adam tussag edildi. Morrokanyň haýyşnamasy esasynda gözlege yglan edilen adamyň ele salnandygyny Germaniýanyň resmileri mälim etdiler.

Tussag edilen adam “37 ýaşyndaky asly Morrokaly fransuz raýaty” diýlip häsiýetlendirildi. Germaniýanyň polisiýasynyň beren maglumatyna görä, ol adam Dubaýa uçjak mahaly Mýunheniň aeroportunda tussag edilipdir.

Resmiler ol adamyň Mýunhena Parižden gelendigini, şeýle-de häzir onuň ekstradisiýa edilmegi boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

2003-nji ýylda Kasablankada amala aşyrylan bomba partlamasynda 45 adam, şol sanda janyndan geçen 12 sany hüjümçi hem ölüpdi.
XS
SM
MD
LG