Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Putin halk bilen ýyllyk sorag-jogaby geçirmez


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu ýyl özüniň ýyllyk, göni efirde halk bilen geçirýän sorag-jogabynyň bolmajakdygyny aýtdy.

Bu barada Orsýetiň “Kommersant” gazetinde prezidentiň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözleri getirilipdir. Sorag-jogabyň deregine prezident Putiniň noýabryň aýagynda uly metbugat konferensiýasyny geçirjekdigi aýdylýar.

Putin 2001-nji ýyldan bäri, her ýyl göni efirde halk bilen sorag-jogap geçirip gelýärdi. Putiniň şu ýyl näme sebäpden sorag-jogaby ýatyrandygy barada maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG