Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýz peýzažy


Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow
Şeýle bir çuň güýz gününiň peýzažy,
Bu görnüşi diňe dana okýandyr.
Küteldipdir günüň tylla tyglaryn
Üçünji ongünlüginde oktýabr.

Baryp gözýetimiň sütünne çenli,
Sähra sary donun bürenip ýatyr.
Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyň
Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.

Penjireden düşýän solgun yşyga
Yhlas bilen elleriňi çoýýarsyn.
Bu gün köňüldäki şatlyk-gussany
Sen öňküden has çuňurak duýýarsyň.



Sag bol, güýzüm, näzik duýgulaň üçin,
Açdyň ýürekdäki syrlary bize.
Ýazdyň köňüllere belent aýdymy
Aglap geçen durnaň perleri bile.

...Tebigat toý tutdy baharda-ýazda,
Meýlisinde näz-nygmatyn eçilip,
Indem sary ýapraklaryn manat deý
Otyr toýuň hasabyndan geçirip...

--Gurbannazar Ezizow

(Suratlary düşüren: Myrat Gurbanow. Aşgabat, 30/10/2012)
XS
SM
MD
LG