Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Türkmen ýazyjylarynyň degişme-ýomaklary

Wyždan

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradow bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýew ildeşdi. Olar Balkan welaýatynyň Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynda doglandy.

Saýlawyň Medeniýet ministrliginiň redaksion-repertuar kollegiýasynyň baş redaktory bolup işleýän wagty Ýylgaý drama eserini teatr sahnasynda goýdurmak üçin kollegiýa hödürleýär.

Kollegiýada Saýlaw Ýylgaýyň eserini berk tankyt edýär. Onuň sahnada goýulmagyna garşy bolýar. Kollegiýa tamamlanandan soňra Saýlawdan gara çyny bilen öýkelän Ýylgaý Saýlawa:

— Ikimiz telim ýyl bäri duz-emek, üstesine-de ildeş. Bu näme etdigiň boldy? Saýlaw, sende wyždan diýilýän zat barmy? – diýýär.

Saýlaw oňa:

— Ýylgaý, wyždan diýýäniň pul bolsa, onda ol mende ýok – diýip, parahat jogap berýär.

Ýarymça barsyň

Türkmenistanyň halk ýazyjylary Aman Kekilow bilen Çary Aşyrow golaý garyndaşdy. Ýöne olar häsiýeti babatynda meňzeş däldi. Aman aga husyt, gysgançdy. Çary aga eli açyk, sahy adamdy.

Bir gün Aman aga Çary agany öýüne myhmançylyga çagyrýar. Çary aga hudožnik dosty Nury Hojamuhammedow bilen bile barjakdygyny aýdýar. Aman aga kyn gorse-de razy bolýar. Olar Aman aganyň öýüne baran wagty Çary aganyň aýaly Ogylnabat gelneje jaň edip:

— Çary, öýe Tejenden myhman geldi. Seni gyssagly görmekçi – diýýär.

Çary aga öýüne gaýdarman bolýar. Nury-da ol bilen bile gaýtjak bolanda Aman aga:

— Inim, öň adyňy eşidýärdim. Saý-sebäp bilen öýe geldiň, gal, saçak başy ine-gana tanşarys – diýýär.

Nury Hojamuhammet Aman aganyň öýünde galýar. Saçak başy Aman aganyň göwni, eli açylyp, Nura gadyr bilen hezzet-hormat edýär. Nury gijäniň bir wagty öýüne gaýtmakçy bolanda ony köçä çenli ugradyp, taksi saklaýar.Taksiçiniň eline bermelisinden iki esse muzd (ýol kireý) berip: “Şu ýigidi öýüniň gapysynda düşür” diýip sargaýar. Nury taksä münenden soňra:

— Aman aga, saňa “Gysganç” diýip gybatyňy edýärler. Ol ýalan eken. Oňa gözüm ýetdi. Ýöne sen barybir Çary Aşyryň ýaryça-da ýok – diýip, ýola düşýär.

Şol gün aladaňdan Çary aganyň jaýynyň penjiresi kakylýar. Çary aga penjiräni açsa, Aman aga gahardan ýaňa sandyrap duranmyşyn. Ol dessine Çary aganyň üstüne gygyryp başlaýar: “Düýn öýüme elten doňuzyň kimdi?” diýýär. Çary aga oňa:

— Aman, ol doňuz däl, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Merkezi şekillendiriş muzeýiniň direktory hudožnik Nury Hojamuhammedow – diýip, parahat jogap berýär.

Aman aga barybir köşeşmeýär:

— Men ol doňuza özüme etmeýän hyzmatymy etdim. Iň soňunda ýol kireýinem töläp taksili ýola saldym. Ol ugrajak wagty maňa “Sen Çary Aşyryň ýaryça-da ýok” diýdi. Gaharyma ýatyp bilmedim diýip, Çary aganyň üstüne gazaply sürünýär.

Çary aga oňa:

— Aman, samsyk bolma! Bar git-de öýüňde arkaýyn ukyňy al, sen meniň ýarymça barsyň – diýip, oňa “göwünlik” beripdir.

Çakyr içmedik bolup

Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew Daşoguzyň oblast (welaýat) teatrynyň baş režissýory bolup işleýän döwri Beki Seýtäkowyň “Doganlar” romany esasynda ýazylan dramany teatr sahnasynda goýupdyr.

Aşgabada gelende Beki aganyň ýanyna ýörite baryp, spektakla tomaşaçyň köp gelýändigini aýdypdyr. Bu habara göwni göterlen Beki aga Artygy öýüne myhmançylyga çagyrýar. Artyk Beki aganyň öýüne barýar.

Orta jüýjeli palaw, onuň ýany bilenem bir çüýşe çakyr getirilýär. Uly ýazyjynyň öýünde ermeni konýagyny, iň bolmanda saýlantgy rus aragyny içmäge ymsynyp gelen Artyk Jally närazylyk bilen gaşyny çytýar. Soňra Beki aga ýüzlenip:

— Künji ýagyna bişen jüýjeli palawyň ýanynda bu çakyr name işleýär? – diýýär.

Beki aga onuň sowalyna:

— Artyk jan, palawyň ýanynda çakyr içmek peýdaly – diýip, parahat jogap berýär.

Bu jogaba ýeňse damary has gatan Artyk Jally:

— Beki aga, şu çakyry meň ejemem içenok – diýýär.

Beki aga hezil edip gülýär. Soňra-da:

— Çakyr zat içmedik bolup, ejeňem otyrýeri bilen däl-ow! – diýýär.

Üç ýüz däli

Bir gezek ýazyjylar toý saçagynyň başynda jem bolan wagty ýaşuly ýazyjy Ata Durdyýew:

— Däliligiň üç ýüz görnüşi, ýagny üç ýüz tüýsli däli bar – diýdi.

Biri Ata agany sözünde tutjak bolup:

— Beýle zat mümkin däl, üç ýüz dälini nädip tanajak – diýip, sowal berdi.

Ata aga:

— Gepem şonda. Olardan birini, zynjyrlamaly dälini tanap bolýar. Galan iki ýüz togsan dokuz däli, meselem, ikimiz ýaly däli ulus-ile goşulyp, sag adamlaryň hatarynda ýaşap ýör – diýdi.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG