Sepleriň elýeterliligi

Westerwelle Türkiýe boýunça gepleşikleriň başlanmagyna çagyrýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle Türkiýäni Ýewropa Bileleşigine agza edip almak baradaky gepleşikleriň täzeden başlanmagyna çagyryş etdi.

Westerwelle bu barada Berlinde Türkiýäniň täze ilçihanasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Ol resmi çäräniň dowamynda, gepleşiklerdäki “täze başlangyjyň” geljek ýylda amala aşjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Westerwelle sişenbe güni geçirilen çärede: “Germaniýa bilen Türkiýe möhüm söwda hyzmatdaşlarydyr. Germaniýada türk asylly üç milliona golaý adam ýaşaýar. Olaryň aglabasy Germaniýanyň raýatlary. Olar biziň medeniýetimizi baýlaşdyrýarlar. Olar biziň jemgyýetimiziň bir bölegidir” diýip, çykyş etdi.

Sişenbe güni geçirilen çärä Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşdy. Onuň çarşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Markel we onuň partiýasy Türkiýä Bileleşigiň doly agzalagynyň berilmegine garşy çykýarlar. Şol bir wagtyň özünde, Germaniýanyň daşary işler ministri munuň amala aşmagyny goldaýar.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna alynmak baradaky gepleşikler 2005-nji ýylda başlanypdy. Emma muňa Germaniýanyň we Fransiýanyň garşy çykmagy, şeýle-de Ankaranyň Kipr adalary boýunça Gresiýa bilen dawalary bu ugurdaky tagallalary togtadypdy.
XS
SM
MD
LG