Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abramian: Baş prokuraturada uly özgerilşikleriň bolmagy mümkin


Ermenistanyň parlamentiniň başlygy Howik Abramianyň bellemegine görä, ýurduň prezidenti Serž Sarkisýanyň prokuratura garşy eden berk tankytlaryndan soň, bu edarada uly özgerilşikleriň bolmagy ähtimal.

Sişenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Abramian Baş prokuraturadaky köp sanly ýokary derejeli resminiň wezipesinden hem gitmeginiň mümkindigini aýtdy.

Abramian: “Ähli pudaklardan adamlar wezipesinden boşadylýar. Emma bu gezek, prezident meseläni çynlakaý keserdip goýdy” diýdi.

Duşenbe güni ermeni prezidenti Baş prokuraturanyň we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini guramaçylykly jenaýat toparlary bilen gatnaşyk saklamakda aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG