Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: ÝB agzalyk gepleşikleriniň dikeldilmegine çagyrylýar


German kansleri Angela Merkel bilen Türkiäniň premiýer ministri Rejep Taýyp Erdogan gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Berlin, 31/10/12.

German kansleri Angela Merkel bilen Türkiäniň premiýer ministri Rejep Taýyp Erdogan gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Berlin, 31/10/12.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy baradaky gepleşikleriň gaýtadan dikeldilmegine çagyrdy.

Westerwelle Berlinde täze türk ilçihanasynyň resmi açylyşynda çykyş edip, özüniň geljek ýyl gepleşikleriň “täzeden başlanmagyna” umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Ýewropa Bileleşigine kabul etmek gepleşiklerinde iki ýyldan gowrak wagt bäri täze bap açylmady. Bu dymyşlyk gowy däl, ol iki tarap üçin hem erbet we biz geljek ýyl ol dymyşlygy bozmak üçin täze başlangyç etmek isleýäris."

Ilçihananyň sişenbe güni bolan inagurasiýasyna Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşdy we ol çarşenbe güni german kansleri Angela Merkel bilen gepleşik geçirdi.

Esasy liderler garşy, ministr goldaýar

Merkel we onuň Hristian Demokratik Bileleşigi Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň doly bahaly agzasy bolmagyna garşy çykýar, emma Germaniýanyň daşary işler ministri muny goldaýar.
Biz ekstremizme, çydamsyzlyga ýa başga milletlere gyýa bakmaga çydamarys." G. Westerwelle.

Türkiýe Germaniýanyň NATO boýunça ýarany, emma Merkel aglaba ilaty musulmanlardan bolan Türkiýäniň, agzalyga derek, günbatar blogy bilen ýeňillikli partnýor bolmagyny öňe sürýär.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallasy resmi taýdan 2005-nji ýylda başlandy, emma Germaniýanyň we Fransiýanyň esasy ýolbaşçylarynyň garşylygy, şeýle-de Türkiýe bilen Gresiýanyň bölünen Kipr adasy üstündäki dawasynyň dowam etmegi zerarly, bu gepleşiklerde öňegidişlik az boldy. Kipr ÝB-niň agzasy bolup durýar.

Ýewropa Bileleşiginiň geçirýän barlaglarynda hem Türkiýäniň adam hukuklary we söz azatlygy boýunça ÝB-niň talaplaryny ödemeýändigi tankytlanýar.

Germaniýanyň daşary işler ministri sişenbe güni sözlän sözünde söwda gatnaşyklaryna we Germaniýanyň ilatynyň üç milliona golaýynyň türk asyllydygyna salgylanyp, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine kabul edilmelidigini öňe sürdi.

"Germaniýa Türkiýäniň iň möhüm söwda partnýory. Germaniýada türk asylly adamlaryň tas üç milliony ýaşaýar. Olaryň köpüsi german raýaty. Olar biziň medeniýetimizi baýlaşdyrýar we biziň jemgyýetimiziň integral bölegi bolup durýar. Olar biziň bir bölegimiz.”

Çydamsyzlyga çydalmaz

Şeýle-de Westerwelle türklere gyýa garalmagyna garşy çykdy. Geçen ýyl neonasist ekstremistleriniň Türkiýede ýedi ýyllap keýpine adam öldürendikleriniň üstüniň açylmagy köp germaniýalyny aňk etdi, şonda esasan etniki türklerden 9 adam öldürilipdir.

"Biz ekstremizme, çydamsyzlyga ýa başga milletlere gyýa bakmaga çydamarys. Türk asylly adamlara ýa-da beýleki milletlerden bolan halkara dostlarymyza gyýa garalmagy biziň ählimiziň garşymyza işleýär. Bu medeniýet däl, mdeniýetsizlik we biz oňa garşy bile durýarys" diýip, Westerwelle aýtdy.

Berlindäki täze türk ilçihanasynyň Türkiýäniň daşary ýurtdaky iň uly diplomatik missiýasydygy we 30 million ýewro gurlandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG