Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň premýer-ministri Pariža sapar edýär


Çarşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Pariža sapara bardy. Ol Fransiýanyň ýolbaşçylaryna Eýrana onuň dawaly ýadro programmasy üçin sanksiýalary güýçlendirmäge çagyryş etjekdigini aýtdy.

Bu prezident Fransua Ollandyň, bäş aý mundan ozal, häkimiýet başyna geçeli bäri, Netanýahu bilen geçirýän ilkinji duşuşygy bolar.

Ysraýyl we Günbatar döwletleri Eýrany ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny edinmeginden howatyr edýärler. Tähran bu aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG