Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klinton: “Kosowanyň garaşsyzlygy çekişilmeli däl”


ABŞ-nyň döwlet sekretary H. Klinton Pristinada guralan metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 31-nji oktýabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary H. Klinton Pristinada guralan metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 31-nji oktýabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Kosowanyň garaşsyzlygynyň çekişilmeli däldigini aýtdy.

Klinton bu beýanaty çarşenbe güni, Kosowanyň paýtagty Pristinada guralan metbugat ýygnagynda, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonuň gapdalynda etdi.

Serbiýa ylalaşmaýar

Serbiýa Kosowanyň 2008-nji ýylda birtaraplaýyn görnüşde öz garaşsyzlygyny jar etmegi bilen ylalaşmaýar. Kosowanyň garaşsyzlygy 90 çemesi döwlet, şol sanda Birleşen Ştatlar we ÝB-niň 27 agzasynyň 22-si tarapyndan ykrar edildi.

Klinton bilen Aşton bu sebite Serbiýa bilen Kosowanyň Ýewropa Bileleşiginiň araçylygyndaky dialogda öňe süýşmegi üçin basyş etmäge geldi.

Klinton Birleşen Ştatlaryň bu prosesi ilerletmäge kömek bermek üçin taýýardygyny bildirdi.

"Serbiýa bilen praktiki problemalary çözmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin işleşýän wagtyňyz biz siziň ýanyňyzda durarys we özüňiziň örän mynasyp bolan geljegiňize tarap zerur ädimleri ädeňizde, ol ýerde siz üçin taýýar bolarys" diýip, ol aýtdy.

Klinton bilen Aştonyň metbugat ýygnagy Kosowanyň premiýer ministri Haşim Saçi we prezident Atifete Jahjaga bilen duşuşykdan soň guraldy.

Dialogy gaýtadan başlamaly

Klinton sişenbe güni Belgradda serb liderlerini, Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýän ýagdaýlarynda hem, Kosowanyň ýolbaşçylary bilen dialogy gaýtadan başlamaga çagyrdy.

Aşton çarşenbe güni guralan metbugat ýygnagynda Belgrad bilen Pristinanyň arasyndaky gepleşikleriň “durmuş-ýaşaýşy gowulaşdyrmak barada” boljagyny aýtdy.
Garaşsyz we özygtyýarly Kosowanyň serhetleri aýdyň we kesgitlenen." H.Klinton.

Bu dialog 2011-nji ýylyň martynda, ÝB-niň howandarlygynda başlandy, ýöne Serbiýanyň maý aýynda bolan saýlawlarynda milletçileriň ýeňiş gazanmagy bilen togtap galdy.

Gepleşikler Serbiýa üçine möhüm

ÝB bu gepleşiklerde öňe süýşmegiň Serbiýa üçin örän möhümdigini, şonda Belgrady bileleşige doly kabul etmek baradaky gepleşikleriň açyljakdygyny nygtaýar. Serbiýa Ýewropa Bileleşigine kandidatlyk durumyny martda gazanypdy.

Klinton çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Kosowada kanunyň hökmürowanlygynyň doly ýol alanyny görmek isleýändigini aýtdy.

"Biz siz bilen işleşmegimizi siziň demokratik guramalaryňyzy gurmak we berkitmek, halkyňyzyň ykdysady gurgunlugyny gowulandyrmak üçin dowam etdirmek isleýäris. Men Kosowanyň geljegine ynanýaryn, Birleşen Ştatlar siziň rowaçlygyňyza çyndan berlenliginde galýar" diýip, Klinton nygtady.

Serhet meselesi

Demirgazyk Kosowada serbler köplük bolup durýar we Kosowanyň etniki alban hökümetiniň häkimligini ykrar etmekden boýun gaçyrýar. Serb resmileriniň käbiri Kosowany etniki çäkler boýunça bölmegi teklip etdi.

Klinton "garaşsyz we özygtyýarly Kosowanyň serhetleri aýdyň we kesgitlenen" diýdi.

Şeýle-de ol Kosowanyň hökümeti kosowaly serbleriň hem aladalaryny nazara almaly diýdi.

Klinton Pristinada serb prowaslaw buthanasyna, sekiz ýyl ozal serblere garşy pitneleriň turan ýerine baryp gördi. Ol bu ýerde daşary ýurtlardan dolanyp gelen kosowa serbleri bilen duşuşdy.

Klinton bilen Aşton Bosniýa duşenbe güni sapar etdi we Albaniýa uçmagy planlaşdyrdy. Klinton bu sebite saparyny Horwatiýada soňlar.
XS
SM
MD
LG