Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Gazagystanly tussaglardan habar ýok


Ilýas Omarow: “Gynansak-da, tussaglar bilen hiç hili duşuşyk bolmady. Şoňa görä-de, men olar barada hiç zat aýdyp biljek däl”.
Ilýas Omarow: “Gynansak-da, tussaglar bilen hiç hili duşuşyk bolmady. Şoňa görä-de, men olar barada hiç zat aýdyp biljek däl”.
Ýakynda Gazagystanyň dürli habar çeşmeleri bu ýurduň ýedi sany raýatynyň Türkmenistanyň serhet ýakasynda türkmen serhetçileri tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat ýaýradypdylar. Geçen hepde Gazagystanyň Daşary işler ministrligi şeýle wakanyň hakykatdanam bolandygyny tassyklapdy.

Gazagystanly ýedi raýatyň 19-njy oktýabrda türkmen-gazak serhedinde türkmenistanly serhetçiler tarapyndan tussag edileni bäri 12 günüň geçendigine garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň henizem gazagystanly diplomatlara bu tussaglar bilen duşuşmaklyga rugsat bermän gelýändikleri barada maglumat alyndy.

“Duşuşmaga rugsat bermediler”

Munuň hakykatadanam şeýledigini çarşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow telefon arkaly söhbetdeşlikde tassyklady.

“Gynansak-da, tussaglar bilen hiç hili duşuşyk bolmady. Şoňa görä-de, men olar barada hiç zat aýdyp biljek däl. Häzirlikçe olar bilen duşuşmaga rugsat bermediler. Munuň sebäpleri barada nähilidir bir çaklamalary öňe sürmek ýerliksiz bolar” diýip, Ilýas Omarow belledi.

Biz bu barada anygrak maglumat almak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine-de jaň etdik. Ýöne telefony alan ministrligiň resmi işgäri gazak raýatlary barada sorag beren badymyza, telefony goýdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow bolsa, bu meseläni özara dostlukly hyzmatdaşlyk ruhunda çözmäge çalyşýandyklaryny aýtdy: “Elbetde, bu bolan wakada hiç hili gowy alamat ýok. Ýöne ähli işler iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň ruhunda alnyp barylýar. Men bu mesele ýakyn wagtlarda biziň ýurtlarymyzyň ýakyn gatnaşyklaryny göz öňünde tutmak esasynda çözüler diýip pikir edýärin” diýip, Ilýas Omarow nygtady.

19-njy oktýabrda gazagystanly ýedi raýatyň türkmen-gazak serhedinde türkmen serhetçileri tarapyndan tussag edilendikleri barada Gazagystanyň habar serişdelerinde peýda bolan başky maglumatlarda bu raýatlardan dördüsiniň polisiýa işgärleridigi we üçüsiniň ýerli awçylardygy aýdylypdy.

Käbir habar çeşmeleri bu tussag edilen adamlaryň ýanyndan ýarag tapylandygyny-da habar berdiler.

Anyk we anyk däl zatlar

Şol wakadan birnäçe gün geçensoň, Gazygystanyň Mangystau oblastynyň Içeri işler departamentiniň metbugat sekretary, uly leýtenant Kaýrat Otebaý ýörite metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda bu tussag edilen ýedi adamdan dördüsiniň hakykatdanam şu oblastyň Karakiýan raýonynyň milisiýa işgärleridigini tassyklady.

Ol bu milisiýa işgärleriniň bikanun migrantlary we käbir jenaýatçylary aňtamak üçin serhetýaka zonasyna ýörite komandirowka bilen ýollanandyklaryny aýtdy.

“19-njy oktýabrda, takmynan, sagat 10:00-da bu polisiýa işgärleri serhet ýakadaky Bulaşak stansiýasyna barypdyrlar. Şol Bulaşak serhet zastawasyndan hem olar Buget zastawasyna tarap ýola düşüpdirler. Bu iki zastawanyň arylygy 70 kilometr. Ýol salgysyny alyp, polisiýa işgärleri sagat 11:10 töwereginde Buget zastawasyna tarap ugapdyrlar. Şol aralykda-da olar azaşypdyrlar. Üstesine, şol raýonda serhet zastawalarynyň belgileri-de ýok eken” diýip, Kaýrat Otebaý žurnalistlere gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, gazagystanly bu dört polisiýa işgäri azaşyp, Türkmenistanyň territoriýasyna geçipdir: “Azaşansoňlar, olar ýalňyşlyk bilen Türkmenistanyň serhedini kesip geçipdirler. Ol ýerde harby eşikdäki adamlary görüp, olar öz ýerleşýän ýerlerini anyklamak üçin olaryň ýanyna barypdyrlar we şol ýerde-de olar tussag edilipdir. Gazagystanyň serhedinden olaryň şol tussag edilen ýerine çenli aralyk 3 müň metr”.

Kaýrat Otebaýewiň aýtmagyna görä, şol wakanyň yzy bilenem, Gazagystanyň ýedi sany raýatynyň tussag edilendigi barada Türkmenistanyň serhet gullugyndan Gazagystanyň Bulaşak serhet zastawasyna ýörite habar gelip gowşupdyr.

Ýöne Kaýrat Otebaýew gazagystanly bu dört polisiýa işgäriniň ýanynda ýene üç sany ýerli gazak ýaşaýjysynyň nähili ýagdaýda peýda bolandygy, şeýle hem olaryň ýanyndan nähilidir bir ýaragyň tapylyp-tapylmandygy barada žurnalistleriň beren soragyna jogap berip bilmedi. Ol özlerinde bu baradaky heniz anyk maglumatyň ýokdugyny aýtmak bilen çäklendi.
XS
SM
MD
LG