Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da saýlaw kampaniýasynyň ýaýbaňlanmagyna garaşylýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Respublikan partiýasyndan Mitt Romniniň penşenbe güni özleriniň prezidentlik kampaniýasyny ýaýbaňlatmagyna garaşylýar. Bu aralykda Birleşen Ştatlarda prezidentlik saýlawlarynyň başlanmagyna ýene-de bäş gün galdy.

Obama “Sendi” diýlip atlandyrylan apy-tupan sebäpli dörän ýagdaýlara gözegçilik etmek üçin, üç gün töweregi prezidentlik kampaniýasyny geçirip bilmändi. Bu tebigy harasat sebäpli, ABŞ-da onlarça adam öldi we uly weýrançylyklar döredi.

Mitt Romni hem “Sendi” harasatyndan ejir çekenlere hemaýat bermek tagallasy bilen, saýlaw kampaniýasyny yza çekipdi.

Pikir soralşyklaryň netijelerine görä, häzirki pursat iki dalaşgär hem deňräk barýar. ABŞ-da saýlawlar 6-njy noýabrda geçirler.
XS
SM
MD
LG